Geçen ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Gyrgyzystanyň hemişelik ilatynyň sany 7 million 395 müňe ýetdi.
«Kabar» agentliginiň Milli statistika komitetine salgylanyp berýän maglumatyna görä, ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Respublikanyň ilaty 112,8 müň adam (ýa-da 1,5%) köpeldi. Bu ösüş, esasan, ilatyň tebigy köpelişi arkaly üpjün edildi.
«Gyzmat» döwlet edarasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda RÝNÝ edaralarynda 127,8 müň bäbek hasaba alyndy – bu bolsa her 1000 adama 19 çaga diýmekdir (2024-nji ýylyň degişli döwründe 19,9 bolupdy). Şol bir wagtyň özünde 29,3 müň adam aradan çykdy ýa-da her 1000 adama 4,4 adam hasaba alyndy (bir ýyl ozal 4,5 bolupdy).
Netijede, ilatyň tebigy köpelişi 98,5 müň adama ýetdi.
2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda tebigy köpelişiň iň ýokary görkezijisi Batken, Oş we Jalal-Abad welaýatlarynda hasaba alyndy. Iň pes görkeziji bolsa Bişkek şäherinde bellenildi.