Ýiti respirator keseli ýokary dem alyş ýollarynyň, ýagny agyz boşlugynyň, bokurdagyň, burnuň nemli bardalaryna zeper ýetmegi bilen ýüze çykýar.
Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmeli. Bu keseli dörediji wiruslar köp görnüşli bolup, olar howa-damja ýoly arkaly näsag asgyranda, üsgürende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň üsti bilen beýleki adamlara ýokuşyp bilýär.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý etmeli. Eliňizi arassa saklamaly. Burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.
Eger özüňiz ýa-da maşgala agzalarynyň biri ýiti respirator ýokanç keseli bilen näsaglan bolsa, lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen, ýöriteleşdirilen bejergini almaly.
Gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdalydyr. Naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmeli.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmeli.
Gyş paslynda adamlaryň, ylaýta-da çagalaryň başy ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmaly. Olaryň aýakgaplary özüne laýyk, rahat, ýyly hem-de dabany düz bolmaly.
Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp almaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.