“Oracle” korporasiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Lerri Ellison dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Ilon Maskdan öňe geçip, birinji orny eýeledi. “Bloomberg” neşiriniň hasaplamalaryna görä, 10-njy sentýabrda ABŞ-da geçirilýän söwdalarda kompaniýanyň paýnamalarynyň çalt ösmegi netijesinde işewüriň baýlygy 101 milliard dollar artdy. Bu bolsa, bir günde iň uly maýa ösüşi hökmünde hasaba alyndy.
Bu ýagdaý “Oracle” korporasiýasynyň çärýeklik hasabaty çap edilenden soň ýüze çykdy. Netijede, korporasiýasynyň paýnamasynyň bahasy 41% ýokarlandy. Şeýle ýagdaýda, Ellisonyň baýlygy 393 milliard dollara ýetdi. Işewür “Oracle”-yň paýnamalarynyň 41%-ine eýeçilik edýär.