Futbol boýunça gyşky transfer möwsüminde täze rekordlar hasaba alyndy. Transfere tölenen tölegler bilen bir hatarda, klubuny üýtgeden futbolçylaryň sany hem artdy. Gyşky transferde iň köp pul harçlan ýurt, hemişekiler ýaly ýene-de Angliýa boldy.

Futbol klublary gyşky transfer möwsüminde 5 müň 863 futbolçy üçin 2,35 milliard dollarlyk çykdajy etdi. Iki görkeziji hem rekorda deňdir. Futbolçy sany geçen ýylyň ýanwar aýyna garanyňda, 20 göterim köp boldy. Şeýle-de transfere harçlanan 2,35 milliard dollar hem geçen ýylkydan 57,9 göterim 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bolsa 47,1 göterim ýokary boldy.

Zenan futbolynda-da rekordlar hasaba alnyp, 455 futbolçy üçin 5,8 million dollar töleg edildi.

Iňlis klublary 622 million dollar sarp edip, sanawda birinji orny eýeledi. Germaniýanyň klublary 296, Italiýanyň klublary 224, Fransiýanyň klublary 210, Saud Arabystanynyň klublary-da 202 million dollar harçlap, öňdäki 5 orny düdüler.

Fransuz klublary iň köp girdeji gazanan toparlar boldy. Beýleki klublar fransuz klublaryndan alan futbolçylary üçin 371 million dollar töleg etdiler. Nemes klublarynyň gazanjy 226, iňlis toparlarynyň girdejisi 186, portugallar 176 hem-de italýanlar 162 million dollarlyk oýunçy satdylar.

Halkara transfer bazarynda san boýunça iň köp futbolçy Braziliýa transfer boldy. 471 futbolçy bu ýurda bardy. BU ugurda Argentina 265 futbolçy bilen 2-nji, Portugaliýa 207 futbolçy bilen 3-nji orny eýeledi. 200 futbolçy Ispaniýany, 190 futbolçy-da Angliýany saýlady. Daşary ýurda iň köp futbolçy ugradan ýurt Argentina diýlip hasaba alyndy. Bu ýurtdan 255 futbolçy başga ýurtlara transfer boldy. Braziliýadan 212, Angliýadan 211, ABŞ-dan 188, Portugaliýadan 170 futbolçy başga ýurtlaryň toparlaryna geçdi.

Transfere harçlanan pul mukdarynda öňdäki 4 orny Ýewropanyň wekilleri eýeledi. Angliýa 190 futbolçy üçin 622 million dollar, Germaniýa 137 futbolçy üçin 296 million dollar, Italiýa 129 futbolçy üçin 224 million dollar, Fransiýa 122 futbolçy üçin 210 million dollar töledi. Saud Arabystanynyň klublary 87 futbolçy üçin 202 million dollar, ABŞ-nyň klublary 96 futbolçy üçin 145 million dollar, brazil klublary 471 futbolçy üçin 76,3 million dollar, türk klublary 70 futbolçy üçin 73,6 million dollar, argentin toparlar 265 futbolçy üçin 67,4 million dollar, Belgiýanyň klublary 103 futbolçy üçin 48,5 million dollar sarp etdi. Ýewropanyň futboldaky öňdebaryjy ýurtlaryndan Ispaniýa 200 futbolçy üçin 43,6 million dollarlyk çykdajy bilen 11-nji orny eýeledi.