Golaýda umumybilim berýän orta mekdepleriň VI synpy üçin “Durmuş zähmeti” okuw kitabynyň (awtorlary: M.Nepesowa, O.Saparowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) ikinji neşiri çap edildi. Okuw kitaby gyzlar üçin niýetlenip, oňa millilik doly çaýylandyr. Okuw kitabynda aşhana işlerine, biçim-tikin işlerine, önümi biçmek we tikmek işlerine, örüm işlerine aýratyn orun berilýär. Her bir işi ýerine ýetirmegiň ýollary, düzgünleri, usullary, görnüşleri barada maglumatlar ýerleşdirilip, sapagyň ahyrynda soraglar we ýumuş berilýär. Netijede, myhmany kabul etmegiň, garşylamagyň, saçagy bezemegiň özboluşly tilsimlerini, öý-hojalyk işlerini öwretmek üçin ýeterlik maglumatlary almak mümkin.