Gündelik durmuşda ulanýan gurallarymyzyň köpüsi kiçi hem bolsa uly iş bitirýär. Bu gurallaryň ilkibaşda häzirkisinden başga maksatlar üçin çykarylan bolmagy ýa-da öňki görnüşleri tapawutly bolan bolmagam mümkin. Geliň, käbir gurallaryň haçan oýlanyp tapylandygyny öwreneliň!
Çarşak: aşhana gurallarynyň biri bolan çarşak ilki nahar bişirmekde peýdalanylypdyr. Gadymy Rim, Grek we Müsür medeniýetlerinde ulanylan bu gural XVI asyrdan soňra Ýewropa aralaşýar. Çarşagyň we çemçäniň adam eline meňzedilip döredilendigi çaklanylýar. Häzirki çemçelere meňzeş ilkinji gurallaryň gadymy Müsürde ulanylandygy çaklanylýar.
Iňňebagjyk: bu guraly amerikan inženeri Walter Hant tötänleýin diýen ýaly tapypdyr. Ol bir gün pikirlenip otyrka elindäki simi büküpdir. Netijede, ony haýsydyr bir zady aňsatlyk bilen çatmak üçin ulanyp boljakdygyny görüpdir.
Gaýçy: bu guraly diňe tikinçiler däl, eýsem, hat-petek bilen meşgullanýanlar, okuwçylar, talyplar, bagbanlar hem ulanýar. Dürli görnüşleri bolan gaýçylaryň ilkinji nusgasy Mesopotamiýada mundan 3000 ýyl ozal peýda bolupdyr. Muzeýleriň köpüsinde gadymy gaýçylaryň nusgasyny görmek bolýar. Häzirkilere meňzeş ilkinji gaýçylaryň önümçiligi 1663-nji ýylda Hytaýda ýola goýlupdyr.
Syrma: tikin maşynyny oýlap tapan Elias Houe 1851-nji ýylda eşikleri ýapmak üçin ilkinji syrmany döredýär. Şeýle-de bolsa, häzirkiler ýaly syrmany şwesiýaly inžener Gideon Sundbek tapýar.