Günorta-Gündogar Aziýada, Gündogar Awstraliýada, Ýuwaş ummanynyň kenarlarynda we Gawaý adalarynda ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň biri hem hala miwesidir. Gyzgylt-mämişi reňkdäki bu miwe daşyndan sosnanyň ullakan gozasyna çalym edýär. Konusa meňzeş birnäçe bölejikden düzülen hala miwesiniň içki suwly bölegi sakgyç ýaly çeýnelýär. Miwäniň ululygy 30 santimetre çenli ýetýär. «Ýarylýan miwe» ady bilen tanalýan bu miwe, esasan, tagamlara goşulýar. Şeýle hem, jem, marmelad taýýarlanylýar. Başgaça pandanus diýlip atlandyrylýan bu miwäniň ananasa meňzeş tagamy bolýar. Hala agajynyň beýikligi 14 metre çenli ösýär. Ini 5-11 metr aralygynda bolýan bu agaç ýekene meňzeş tikenli ýapraklary bilen tapawutlanýar. Pandanus Madagaskarda we Malaýziýada has köp iýilýän miweleriň biridir.
PDF








