4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy» atly taslamanyň çäklerinde «Bitaraplyk derejesi – durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösdürilmegini aýratynlyklaryny öwrenmek» atly halkara maslahat geçirildi.
Halkara maslahata Italiýadan, Horwatiýadan, Gruziýadan Latwiýadan hem-de Gazagystan Respublikasyndan halkara bilermenleri, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyplary gatnaşdylar. Halkara maslahata gatnaşyjylar ilki bilen institutyň Baş binasynyň eýwanynda gurnalan ylmy işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Halkara maslahatyň dowamynda energiýany tygşytlamagyň zerurlygy we ähmiýeti, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda energiýany tygşytlamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ekologiýa bilen bagly möhüm meseleleri, şol sanda howanyň üýtgemegi, oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy, “ýaşyl” ykdysadyýet we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça mümkinçiliklerini we bilimlerini artdyrmak, ýaşlaryň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly derwaýys meseleler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Ýurdumyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň dünýäniň ösen guramalarynyň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaklary üçin ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn işler dogrusynda hem bu halkara maslahatdaky çykyşlarda aýratyn bellenildi.
Halkara taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmenistanyň howa şertlerinde energiýany netijeli ulanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek» atly okuwlar 2 tapgyrda geçirildi we degişli sertifikatlar gowşuryldy. Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny, Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyny üpjün etmekde halkara energiýa howpsuzlygynyň ähmiýetiniň örän uludygyny nygtamak bilen, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň energetika pudagyny has-da kämilleşdirmekde alyp barýan giň gerimli işleri üçin alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.