Her ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, asudalygyň wajyplygyny we ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, Halkara Bitaraplyk güni uludan bellenip geçilýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.
Her ýyl bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýäde halkara forumlar, çäreler we pikir alyşmalar geçirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
PDF









