Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny «Dil hoşniýetli gatnaşyklaryň iň möhüm serişdesidir» atly halkara usuly-okuw maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.
Maslahat okatmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmakda tejribe alyşmagy ýola goýmak maksady bilen geçirilýär. Bu çäre 28-nji fewralda ýerli wagt bilen sagat 14:00-da türkmen, iňlis, rus we nemes dillerinde garyşyk görnüşde geçiriler.
Halkara usuly-okuw maslahatynyň çäginde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti we olary okatmagyň işjeň hem innowasion usullarynyň ulanylyşyny bilelikde ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýän mugallymlar 15-nji fewrala çenli hasaba alyş soragnamany we çykyşyny tdimddk@gmail.com elektron salgysy arkaly guramaçylyk toparyna ibermelidir. Soragnamany doldurmagyň nusgasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilendir. Mugallymlar hasaba alnandyklary barada habary, şeýle hem çykyşlarynyň mowzuklaryna degişli maglumatlary 23-nji fewrala çenli elektron poçta arkaly alarlar.
Goşmaça maglumat institutyň ýokarda görkezilen saýtynda, guramaçylyk toparynyň elektron poçtasy we +993 61201906 belgili telefon arkaly elýeterlidir.
Bu maslahat bilimiň hilini ýokarlandyrmak we bu ugurda bilim berýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, daşary ýurt dillerini, şol sanda guramaçylyk-usulyýet, innowasiýa-mugallymçylyk we okuw-usulyýet jähetlerinde-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Bu maslahatyň ileri tutýan wezipeleriniň arasynda, halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde işlenip düzülen täze okuw usullaryny we ýollaryny ornaşdyrmak we netijeli peýdalanmaklary üçin daşary ýurt dili mugallymlarynyň hünär endiklerini ösdürmekdir.