Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ hem-de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­dür­me­giň esa­sy gu­ra­ly hökmün­de trans­mil­li ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mäge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­de ýer­le­şen­di­gi na­za­ra al­nyp, mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýän iri ulag-lo­gis­ti­ki mer­kez­le­ri dö­re­di­lip, ýur­du­myz hal­ka­ra ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa­sy­na iş­jeň go­şul­ýar. Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa stra­te­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan se­bit we yk­lym äh­mi­ýet­li mö­hüm ulag we lo­gis­tika mer­kezi hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­ýar. Ýur­du­myz­da ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­lar yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gy hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy köp­rü­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk iş­jeň­leş­di­ri­lip, mil­li ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gy hem tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýar. Ho­wa ulag­la­ry ar­ka­ly ýük­le­ri da­şa­ma­gyň hem-de ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­ma­gyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm şer­ti­dir.
Ho­wa ula­gy en­çe­me asyr­lar bä­ri do­wam edip gel­ýän dün­ýä­niň tü­ke­nik­siz ulu­ly­gy ba­ra­da­ky dü­şün­jä­ni ara­dan aýyr­ma­gy ba­şar­dy. Ula­gyň bu gör­nü­şi dün­ýä­niň is­len­dik no­ka­dy­ny el­ýe­ter­li ed­ýär. Adam­la­ryň ýa­-da ýü­küň uzak ara­lyk­la­ry ge­çip, ýe­ri­ne go­wuş­ma­gy üçin sarp edil­ýän wagt hep­de­ler­den, kä­ha­lat­lar­da bol­sa aý­lar­dan sa­gat­la­ra çen­li azal­dy.
Ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň dü­zü­mi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy we teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­myn­da tap­gyr­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Içer­ki hem-de hal­ka­ra ugur­lar­da ýo­lag­çy gat­nat­mak­da we ýük da­şa­mak­da ho­wa ýol­la­ry­na wa­jyp orun de­giş­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, şol san­da ae­ro­na­wi­ga­si­ýa hem-de ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat ediş ul­ga­my­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň dü­züm­le­ýin des­ga­la­ry hem yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Onuň çä­gin­de ýer­leş­ýän des­ga­lar dür­li gör­nüş­li uçar­la­ry ta­la­ba­la­ýyk sak­la­mak, teh­ni­ki hyz­mat­lar bi­len üp­jün et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Mu­nuň özi ýük hem-de ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň teh­ni­ki ýag­da­ýy­ny hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Da­şa­ry ýurt awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň üs­ta­şyr uçuş­lar we uçar­la­ryň ýan­gy­jy­nyň üs­tü­ni dol­mak üçin ýur­du­my­zyň ho­wa gi­ňiş­li­gi­ni peý­da­lan­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry gör­ne­tin art­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky has gys­ga, iň tä­ze do­lan­dy­ryş, na­wi­ga­si­ýa teh­ni­ka­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan ugur­larda he­re­ket et­me­gi ile­ri tut­ýar­lar.
Ho­wa ula­gy ar­ka­ly hal­ka­ra gat­naw­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň awia­par­ky­nyň üs­ti «Boeing» we «Air­bus» ýaly dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň döw­re­bap ýo­lag­çy we ýük uçar­la­ry bi­len ýe­ti­ril­ýär. Bar bo­lan awia­par­kyň ne­ti­je­li gi­ňel­dil­me­gi stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lup, yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň röw­şen ýo­ly bi­len öňe alyp bar­ýan, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa dü­zü­mi­niň has-da kä­mil­leş­me­gi üçin bi­möç­ber ala­da­ ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! Il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç al­syn!

Ha­jy­mäm­met NY­ÝAZ­GEL­DI­ÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri.