Golaýda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň birleşmesiniň, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň, şeýle-de Türkmenabat şäherindäki mekdeplerde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň, mugallymlaryň gatnaşmaklarynda “Guşlaryň owazy – parahatçylygyň güwäsi” ady bilen çäre geçirildi. Halkara guşlar güni mynasybetli geçirilen çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni Arslan Merdanow, TKA-nyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygynyň kömekçisi Maral Annagulyýewa, Muzeýiň uly ylmy işgäri Maral Hojagulyýewa, Lebap welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Akjemal Dosyýewa dagynyň çykyşlarynda asmanymyza bezeg berýän, oba hojalyk ekinlerini zyýanly mör-möjeklerden gorap, daýhanlaryň bol hasyl almagyna edýän täsirleri dogrusynda gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan guşlaryň gerbäpleriniň sergisiniň gurnalmagy bolsa, çärä gatnaşyjylaryň bu guşlar bilen has ýakyndan tanyşmaklaryna mümkinçilik döretdi. Guşlaryň aýratynlyklaryny, olaryň bir-birlerinden owadan keşplerine tomaşa etmek üçin ýörite gurnalan surat sergisi bolsa, çärä gatnaşyjylaryň guşlar hakdaky düşünjeleriniň has-da kämilleşmeklerinde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Surat sergisiniň guşlaryň gerbäpleri bilen baýlaşdyrylmagy bolsa, olaryň täsirliligini artdyrdy.
Guşlaryň dürli görnüşleri dünýäniň halklarynda parahatçylygyň, agzybirligiň, söýginiň erkinligiň nyşany hasaplanýar. Her ýylyň 1-nji aprelinde Halkara guşlar güni bütin dünýäde bu jandarlary goramak, ýaşamaklary we köpelmekleri üçin tebigy şertleri gowulandyrmak, olara zyýan ýetirmezlik ýaly tagallalara ünsi çekmek maksady bilen bellenilýär. Guşlaryň käbir görnüşi bütin ömrüniň dowamynda şol bir ýerde ýaşaýan bolsa, käbirleri bahar we güýz pasyllarynda ýyly ýa-da sowuk ülkelere göçýärler. Ýurdumyzda tebigatymyzy aýap saklamak, ýabany janly-jandarlary we ösümlikleri goramak üçin uly tagalla edilýär. Eziz Diýarymyzyň derýa boýlary, deňiz kenarlary, sähralyklary, dag etekleri dürli görnüşli jandarlaryň, şol sanda guşlaryň ýaşamagy, göçüp geçmegi we köpelmegi üçin amatly tebigy şert döredýär.

Oguljemal Glyjowa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.