17-nji aprel güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hytaý dili boýunça geçirilen “Suhangöýlik” bäsleşiginiň jemleýji dabarasy geçirildi. “Bütin dünýä bir maşgala” atly temada çykyşlar bilen geçen “Suhangöýlik” bäsleşigi “Halkara hytaý dili” gününe bagyşlandy we ýurdumyzda ilkinji gezek talyplaryň arasynda geçirildi.
Iki tapgyrda geçirilen bäsleşigiň birinji tapgyrynda gatnaşyjy talyplar hytaý dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşdiler. Düzmelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilinde bilim berýän hytaýly mugallymlar baha berdiler.
Institutyň baş binasynyň mejlisler zalynda guralan bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň geňeşçisi Joň Huan we beýleki wekiller şeýle-de mugallymlardyr talyplar gatnaşdylar. Birinji tapgyrdan saýlanan zehinli talyplar emin agzalaryň öňünde öz işleri bilen hytaý dilinde öz taýýarlan işleri bilen çykyş etdiler.
Üstünlikli çykyş eden talyplar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdebiniň diplomlary bilen we Ilçihananyň ýörite sowgatlary bilen sylaglanyldy.