Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” we welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk dabaralary geçiriler.
Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Şeýle-de bu ýerde dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlary, aýdym-sazly dabaralary guramak meýilleşdirilýär.
Bu barada 14-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.