Her ýylyň 21-nji sentýabrynda Halkara parahatçylyk güni bellenilip geçilýär. Halkara parahatçylyk güni 1981-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilýär. 2001-nji ýyldan halkara derejesinde bütin dünýäde bellenilip başlanan bu senäniň esasy maksady adam hukuklaryny goramakdan, zorluklary ýatyrmakdan we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu ýyl «Parahatçylyk dünýäsi üçin häzir hereket ediň» şygary bilen bellenilen Halkara parahatçylyk güni mynasybetli jemgyýetçilik guramalary bilen amaly maslahatlar, pikir alyşmalar we okuw sapaklary geçirildi. Parahatçylyk ýaşaýşyň we döwletara gatnaşyklarynyň esasy sütünleriniň biridir.
PDF









