14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrylyşynyň Milli prosesiniň ösüşi” atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Milli uýgunlaşma meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada tegelek stol geçirildi. Halkara bilermen hökmünde BMGÖM-iň geňeşçisi jenap Iwan Filyutiçdi çykyş etdi. Tegelek stolda oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň suw komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stolda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň adyndan Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy A.Soltanmyradow gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynda uýgunlaşmagy meýilleşdirmegiň we ileri tutulýan tehnologiýalary saýlamagyň usullary hödürlendi. Şeýle hem Türkmenistanda uýgunlaşmagyň milli prosesiniň ösüşi meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin tehnologiýa geçiriş (transfer) taslamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy mehanizmleri hödürlendi.