7-nji martda — Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy. Baýramçylyk konsertine Diýarymyzyň ähli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Şeýle hem konserte Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.
Ajaýyp baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň, birleşen döredijilik-tans we hor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan spektaklda eneleriň waspy ýetirildi. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda parahatçylygyň, abadançylygyň ýurdy bolan Garaşsyz Watanymyza buýsanç beýan edildi.
Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda mährem zenanlara, enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza tüýs ýürekden çykýan joşgunly gutlaglar öz beýanyny tapdy. Sahnada zenanlaryň hoşniýetliligini, sadalygyny, asyllylygyny, paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, enelik söýgüsini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy.
Bu gün aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan we eýýäm meşhurlyk gazanan estrada aýdymçylary hem çykyş etdiler. Olar tomaşaçylara sowgat hökmünde «Aýdymlar çemeni» atly daşary ýurt nusgawy aýdym-saz eserleriniň çemenini taýýarlapdyrlar. Iňlis, ispan, hytaý, rus, fransuz dillerinde aýdymlar ýerine ýetirildi. Ýaşajyk artistler-de öz zehinlerini görkezdiler. Aýdymçylar, «Güneş» çagalar hory, «Şowhun», «Meňli» çagalar tans toparlary «Eje, eje, jan eje!» atly liriki eser arkaly enelerimize mähirli duýgularyny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Ýadymda» atly aýdymyň ýaňlanmagy tomaşaçylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Bu ajaýyp sungat eserinde nurana arzuwlar, söýgi, geljege bolan umyt wasp edilýär. Aýdymyň «Serpaý» folklor toparynyň, «Näzli» tans toparynyň çykyşlary bilen utgaşmagy oňa aýratyn öwüşgin çaýdy.
«Miras» folklor toparynyň ýerine ýetiren küştdepdisi konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Munuň özi Watanymyzyň sahawatly topragyny ýyladýan bahar paslynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanyna öwrüldi. Küştdepdi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen, halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy tejribesini özünde jemleýän halk döredijiliginiň ajaýyp nusgasydyr.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly ajaýyp aýdym konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlary, Garaşsyz Watanymyza buýsanç, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.
Şu günler paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň esasy sahnalarynda, konsert zallarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar geçirilýär. Hemme ýerde zenanlarymyza mähirli gutlaglar, şatlyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlar belentden ýaňlanýar.