Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk döredijilik syýasatyna dünýä jemgyýetçiligi örän ýokary baha berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň sebit we halkara möçberinde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçmegi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk esaslary iri we abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýalarda berkidilýär. Milli derejede hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hukuk taýdan berkidilmeginde 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna-da aýratyn orun degişlidir.
Bu möhüm resminamada hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen onuň dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýörite kadanyň bellenilmegi milli derejede hemişelik Bitaraplygyň hukuk esaslaryny pugta berkidýändigini bellemek gerek. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda hemişelik Bitaraplyk bilen bagly düzgünleşdirmekde Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar, diýlip nygtalýar.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kabul etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy Milletler Bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli çözgüt boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda eziz Watanymyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň binýatlyk esasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine doly kybap gelýändigini görkezdi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Rezolýusiýany ýene bir ýola biragyzdan kabul etmegi hem Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň dogrulygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu resminamada ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly goldawyň berilýändigi, sebitde we dünýäde ähmiýetli ornunyň ykrar edilýändigi beýan edilýär.
Parahatçylyksöýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk özygtyýarlygyna hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatyşmazlyk, deňhukukly, özara bähbitli, hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýöredilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy içerki döwlet gurluşynyň mäkäm ahlak binýadyna daýanyp, onuň logiki dowamy hem-de halkymyzyň özboluşlylygynyň iň gowy aýratynlyklarynyň beýany bolup durýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty halkymyzyň belent ynsanperwer maksatlaryna we parasatly däplerine, baý taryhy tejribesine esaslanmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna doly laýyk gelýär.
Diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga däl, eýsem, dürli ulgamlarda söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem netijeli serişde hökmünde Bitaraplygyň hukuk ýagdaýynyň uly mümkinçiligi amal edilýän taryhy ähmiýetli işleriň mysalynda örän aýdyň görünýär.
Hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryna doly eýeçilik edip, ol eşretlerden doly peýdalanmaga-da zerur bolan ähli şertleri döretdi. Biz muňa hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan suw, ulag we energetika diplomatiýasynyň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris.
Milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde, dünýäniň halklaryna söýgi, hormat we parahatçylyk paýlaýan döwletiň raýatlary bolan, biz, buýsanmaga haklydyrys.
Merjen Hudaýberdiýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.