2-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gul­luk, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry hü­när­li gul­luk­çy­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy. Şeý­le-de ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry gul­luk­dan bo­şat­ma­gyň we har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň go­ran­mak uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry gul­luk­dan bo­şat­mak we har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ün­si çe­kip, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne bu iş­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem san­ly ul­ga­my giň­den ulan­mak we pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nu­ny­ly­gy we hu­kuk ter­ti­bi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­gy he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, Baş pro­ku­ro­ra ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­ni ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, şol san­da ha­sa­bat döw­rün­de açy­lyp ulan­ma­ga ber­len des­ga­lar ba­ra­da aý­dyl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň, jem­gy­ýe­tiň hem-de döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne, ýan­gyn howp­suz­ly­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­re berk gö­zeg­çi­lik edil­me­gi­ni ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da bel­le­di we mi­nist­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew 2025-nji ýy­lyň ýan­war–mart aý­la­ryn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ka­zy­ýet işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly
Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ka­nu­ny­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy, hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan ka­zy­ýet önüm­çi­lik iş­le­ri­ni ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy hem-de Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na mil­li ka­zy­ýet ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek, ul­ga­myň iş­gär­le­ri­niň hü­när­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ha­sa­bat döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, ýur­du­myz­da dur­nuk­ly­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­sy­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aýt­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pä­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin beý­le­ki hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, Wa­ta­ny­my­zyň ser­het­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de ser­het ga­la­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, dost-do­gan­ly­gyň ser­he­di bo­lup dur­ýan döw­let ser­he­di­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­lu­gy we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek, ser­het go­şun­la­ry­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now şu ýy­lyň üç aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şol san­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hu­kuk ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­na ün­si çek­di hem-de ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny yzy­gi­der­li sel­jer­mek, mil­li ka­nun­çy­ly­gy döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, mi­nist­re bu ba­bat­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri hem-de işiň döw­re­bap usul­la­ry­ny we iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gul­lu­gy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, güm­rük ser­he­din­den ge­çi­ril­ýän ýük­le­re we ulag se­riş­de­le­ri­ne he­re­ket ed­ýän hal­ka­ra ka­da­la­ra, mil­li ka­nun­çy­ly­gyň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da güm­rük gö­zeg­çi­li­gi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, güm­rük no­kat­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, eda­ra­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, gul­lu­gy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, gul­lu­gyň işi­ne döw­re­bap usul­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, mig­ra­si­ýa ul­ga­myn­da ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di we bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si jem­läp, Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň har­by howp­suz­ly­gy­ny we bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni we bu iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.