9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­syn­dan bin­ýat bo­lan tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da iş­ler hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ar­ka­dag şä­he­ri­ne bar­ýan ýol­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak, ýol ýa­ka­la­ryn­da otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän heý­kel­le­riň, be­zeg se­riş­de­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni kes­git­le­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze şä­he­riň saz­la­şyk­ly ösü­şin­de we ony aba­dan­laş­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan iş­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýän bir­nä­çe şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de «Ahal­te­ke at­la­ry» şa­ýo­lu­nyň ug­run­da otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän be­dew­le­riň şe­kil­le­ri gör­ke­zil­di. Şe­kil tas­la­ma­la­ry ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da aba­dan­laş­dy­ryl­ýan şa­ýo­luň ug­run­da ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len be­dew­le­riň heý­kel­le­ri otur­dy­lar. Ola­ry döw­re­bap bi­na­gär­lik çöz­güt­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän bin­ýat­la­ryň üs­tün­de oturt­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, heý­ke­liň bin­ýa­dyn­da be­dew­le­riň ta­ry­hy­na, ge­lip çy­ky­şy­na de­giş­li ýaz­gy­lar ýer­leş­di­ri­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň ta­ry­hyň do­wa­myn­da dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi ýaş ne­sil­ler­de hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne bo­lan söý­gi­niň has-da art­ma­gy­ny şert­len­di­rer.

Ýerli gurluşyk kärhanalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar
Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zo­wyň hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da D.Ora­zow tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu tap­gyr­da me­ýil­leş­di­ri­len gur­lu­şyk­la­ra ýer­li gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň 50-den gow­ra­gy gat­naş­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň bi­na­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da ýer­li hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 5-si iş­le­ýär. Şeý­le-de D.Ora­zow Ýa­po­ni­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga hem-de şol ýurt­lar­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň bi­na­la­ry­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän kom­pa­ni­ýa­lar bi­len yla­la­şyk­la­ry de­giş­li res­mi­na­ma­lar ar­ka­ly ber­kit­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry bar­ha art­ýar. Hä­zir­ki wagt­da şä­her­de Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek üçin ni­ýet­le­nen tas­la­ma­la­ra grant gol­da­wy­ny ber­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­jak döw­re­bap aw­to­men­zi­liň we ikin­ji tap­gyr­da bi­na edil­jek ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na grant gol­da­wy gör­nü­şin­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­dir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gur­lu­şyk we be­zeg iş­le­rin­de mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne, se­riş­de­le­riň berk­li­gi­ne, uzak möh­let­le­ýin­li­gi­ne ze­rur üns ber­me­gi tab­şyr­dy. Mu­nuň özi al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de bol­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da önüm­çi­lik top­lum­la­ry bi­len bir ha­tar­da dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­nyň hem do­wam ed­ýän­di­gi­ni bel­läp, des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nan­da, il­kin­ji no­bat­da, ola­ryň bu kün­je­giň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len saz­laş­ma­gy­nyň, ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň, şä­he­riň eko­lo­gik de­re­je­si­niň sak­lan­ma­gy­nyň mö­hüm ta­lap hök­mün­de kes­git­le­nen­di­gi­ne ün­si çek­di. Bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň, ola­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­nyň ugur­daş dü­züm­le­re de­giş­li des­ga­lar bi­len saz­la­şy­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni aý­dyp, Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry­ny ber­di.

At agy­nan ýer­de toý bo­lar
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa hä­zir­ki dö­wür­de şä­he­riň çäk­le­rin­de Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­na gö­rül­ýän top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de hä­kim Mo­na­ko Knýaz­ly­gyn­da iş sa­pa­ryn­da bo­lup, iki­ta­rap­la­ýyn şä­he­ra­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gahryman Arkadagymyza ho­şal­lyk bil­dir­di. G.Mäm­me­do­wa ha­sa­ba­ty­ny do­wam edip, ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň hor­ma­ty­na gu­ral­jak da­ba­ra­la­ryň, hal­ka­ra çä­re­le­riň Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi­niň şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şan­ly se­nä­niň hor­ma­ty­na ýur­du­my­zyň at­şy­nas­lar to­pa­ry­na tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň açar­la­ry­nyň gow­şu­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz mil­li se­ne­na­ma­myz­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň tä­ze şä­her­de ge­çi­ril­me­gin­de çuň­ňur ma­ny­nyň bar­dy­gy­ny aýt­dy. Çün­ki ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň asyl me­ka­nyn­da şan­ly se­nä­niň hor­ma­ty­na da­ba­ra­la­ryň gu­ral­ma­gy hal­ky­my­zyň «At agy­nan ýer­de toý bo­lar» di­ýen paý­has­ly jüm­le­si­ne do­ly ky­bap gel­ýär. Şun­da Mil­li Li­de­ri­miz äh­li me­ýil­leş­di­ri­len hal­ka­ra çä­re­le­riň, da­ba­ra­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.

Ýol çekmek, köpri, metjit gurmak sogap iş hasaplanýar
Ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň hep­dä­niň çar­şen­be gü­ni tä­ze şä­her­de met­ji­diň gu­rul­ýan ýe­ri­ne ge­lip, onuň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­ma­gy paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň ýag­şy des­sur­la­ry­nyň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň ýe­ne bir gü­wä­si bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si Ý.Ho­ja­gu­ly­ýew we Ahal we­la­ýa­ty­nyň yma­my R.Gur­ban­my­ra­dow Mil­li Li­de­ri­mi­ze tä­ze met­jit­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di­ler.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de we paý­tag­ty­myz­da hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän döw­re­bap met­jit­ler gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Türk­men­çi­lik­de «Al­la­nyň öýi» ha­sap­lan­ýan met­jit­le­riň bi­na edil­me­gi ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan ha­ýyr iş­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Ar­ka­dag şä­he­rin­de tä­ze gu­rul­ýan met­ji­diň için­de bir­ba­da 30 müň adam na­ma­za du­rup bi­ler ýa­ly müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. Şol san­da bu ýer­de bir­ba­da 5 müň ze­na­na ni­ýet­le­nen ýe­riň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy aý­dyl­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da türk­men­çi­lik däp­le­ri­ni do­wam et­dir­mek, Gur­ban we Ora­za baý­ram­la­ry­ny de­giş­li de­re­je­de bel­le­mek ba­bat­da ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär. Hormatly Prezidentimiziň Per­ma­ny bi­len, ýur­du­myz­da üç gün­läp mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my bel­le­nil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si şol gün­ler­de haj par­zy­ny ber­jaý et­mä­ge is­leg bil­dir­ýän wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ýüz­ler­çe­si­ni Mek­gä we Me­di­nä ug­rat­mak, bu ugur bo­ýun­ça ho­wa gat­naw­la­ry­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­ýän­di­gi üçin ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­my­za din we­kil­le­ri­niň we äh­li hal­ky­my­zyň adyn­dan ho­şal­lyk bil­dir­di.
Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz türk­men­çi­lik­de ýol çek­me­giň, köp­ri, met­jit gur­ma­gyň so­gap iş ha­sap­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mil­li ýö­rel­ge­le­re la­ýyk gel­me­gi ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni aýt­dy. «Ha­ýyr-sa­ha­wa­tyň ha­sa­by­na bi­na edil­ýän met­jit­le­riň türk­men top­ra­gy­nyň mu­kad­des kün­jek­le­rin­de gu­rul­ma­gyn­da çuň­ňur ma­ny bar. Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­ýan met­jit hem türk­men­çi­lik ýo­lu­nyň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Ol ýag­şy des­sur­la­ry ha­ýyr iş­ler bi­len ut­gaş­dyr­mak, asyr­lar aşyp gel­ýän mu­kad­des­lik­le­ri sar­pa­la­mak ýa­ly däp­le­ri­mi­ziň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär» di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Mu­kad­des top­rak­da ga­dy­my hem-de hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik däp­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze met­ji­diň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň parz iş­le­riň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­nyň gü­wä­si­di­gi­ni bel­läp, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz din we­kil­le­ri­ne mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn he­ma­ýat be­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.