Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, sag­lyk jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­ly­gy bol­mak bi­len döw­le­tiň ösüş­le­ri­niň esa­sy kes­git­leý­ji­si hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Adam­la­ryň dur­mu­şy gö­nü­den-gö­ni ola­ryň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Sag­lyk ba­ra­da ala­da edil­me­ýän ýe­ke­je döw­let hem bo­lan däl­dir. Sag­lyk ba­ra­da­ky ala­da ynsan öm­ri ba­ra­da­ky ala­da­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyklykda ok­gun­ly ös­dürilýär. Her ýyl ýur­du­myz­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär.

Şu gün bel­le­nil­ýän Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my my­na­sy­bet­li bir­nä­çe iri sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry ulanyl­ma­ga be­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­tymyz Aş­ga­bat­da hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da hä­zir­ki za­man sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ta­lap­la­ry­na do­ly ky­bap gel­ýän döw­re­bap has­sa­ha­na­lar, sag­lyk mer­kez­le­ri gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di.
Ahal we­la­ýa­tyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li mer­kez­le­riň bir­nä­çe­si­ bi­na edil­ýär. Ak bug­daý et­ra­by­nyň Ba­ga­bat şä­her­çe­sin­de hä­zir­ki za­man şy­pa­ha­na­sy gu­rul­ýar. Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Bu mer­kez­le­riň hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy olar­da ýo­la go­ýul­jak luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ni üp­jün eder.
Şeý­le hem Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de 400 orun­lyk kö­pu­gur­ly sag­lyk mer­ke­zi­niň we ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­synyň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da hem 450 orun­lyk kö­pu­gur­ly sag­lyk mer­ke­zi­niň hem-de on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň gu­rul­ma­gy adam hak­ynda edil­ýän ala­da­la­ryň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Tä­ze gu­rul­ýan has­sa­ha­na­lar luk­man­çy­lyk yl­my­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da en­jam­laş­dy­ry­lar. Şo­lar­da ýo­ka­ry hil­li we ne­ti­je­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler üp­jün edi­ler.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ila­ta edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň tek­lip­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, sag­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň öňü­ni alyş we be­je­riş mer­kez­le­rin­de elekt­ron res­mi­na­ma do­lan­yşy­gy ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­my­zyň te­bi­gy-kli­ma­ti­ki, palçyk bilen bejeriji bal­neo­lo­gik şy­pa­ha­na eda­ra­la­ry ne­ti­je­li iş­le­ýär. Olar­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň we da­şa­ry ýurt­ly ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mekleri hem-de rahat dynç almaklary üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir.
Soň­ky dö­wür­de agyz su­wu­na bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ryň düýp­li öz­ge­ren­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ýur­du­myz­da agyz su­wu­ny aras­sa­la­ýan tä­ze kär­ha­na­lar işe gi­ri­zil­di, bu bol­sa ila­tyň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, bir­nä­çe ke­sel­le­riň ara­dan aý­ryl­ma­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Ila­tyň sag­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän stra­te­gi­ýa, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan ila­ty wak­si­na­lar we im­mu­ni­za­si­ýa bi­len üp­jün et­mek­li­giň de­re­je­si bo­ýun­ça se­bit­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­läp, im­mu­no pro­fi­lak­ti­ka bo­ýun­ça çä­re­le­ri ge­çir­ýän döw­let­le­riň bi­rin­ji ha­ta­ryn­da dur­ýar. Türk­me­nis­tan­da wak­si­na san­jym­la­ry tö­leg­siz ge­çi­ril­ýär.

Now­ruz­gel­di ORAZ­GEL­DI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.