27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Arkadag şäherinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Arkadag şäher häkimliginiň, şol sanda şäheriň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň, okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşululardyr eneler, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň “Göreldeli” harby orkestriniň aýdymçy-sazandalary çykyş etdiler.
Bu ýerde çykyşlara-da giň orun berildi. Çykyş edenler Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlag sözlerini beýan edip, bu baýramçylyk senesiniň döwletimiziň Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň we konstitusion gurluşynyň goragynda duran Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar. Täze öýleriň açarlaryny ýüzlerine sylyp kabul eden harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarydyr işgärleri şeýle bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklary üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
“Akylly” öý tehnologiýalary peýdalanylyp bina edilen jaýlaryň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman çözgütlerinden peýdalanylypdyr. Öýleriň aşhanasy, eýwanlary, olaryň gurluş aýratynlyklary amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Jaýyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli dabaralary geçirmek üçin ýerler göz öňünde tutulypdyr.