ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk nokatlarynyň biri bolan Perudaky Maçu-Pikçu ýadygärlikleriniň çaklanyşyndan has ir gurlandygy ýüze çykaryldy. Alymlar bu açyşyň bir döwür Amerika materiginiň iň uly medeniýeti bolan inkalar barada köp zat öwrenmäge mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Inkalar baradaky maglumatlaryň köpüsini ispanlar ýazga geçiripdirler.
ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde gadymy inka şäheriniň 1420-1430-njy ýyllar aralygynda gurlandygy ýüze çykaryldy. Antropolog, professor Riçard Burgeriň ýolbaşçylygyndaky ylmy topar Maçu-Pikçuny gurduran Imperator Paçakutiniň häkimiýete häzire çenli mälim bolan senesinden ir geçendigini anyklady. Munuň üçin başgaça senelendirme usulyndan peýdalanylypdyr.
Alymlar mundan ozal taryhy maglumatlara seredip, Maçu-Pikçunyň 1440-njy ýa-da 1450-nji ýyllardan soňra gurlandygyny çaklaýardylar. Burgeriň topary ol ýerde saklanyp galan galyndylary senelendirýän başgaça usuldan peýdalanypdyr. Bu usulyň has takyk netije berýändigi bellenilýär.
Ylmy barlagyň netijeleri barada «Antiquity» atly žurnalda makala çap edildi.
And daglarynyň gerişlerinde deňiz derejesinden 2 müň 430 metre barabar belentlikdäki Urubamba jülgesinde gurlan Maçu-Pikçu şäheriniň galyndylary häzire çenli saklanyp galypdyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawynda hem-de Dünýäniň täze ýedi täsinliginiň biri hasaplanýan ýerde 200 töweregi daş binanyň diwarlary bar. Saklanyp galan desgalaryň arasynda hammam, ybadathanalar, däne ammarlary we suw kanallary bar. Bu ýerde depeleriň ýapgydynda diwarlar arkaly tekiz ýerler döredilip şalyçylyk bilen meşgullanylypdyr.