Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň däneli ekinleriň agrotehnikasy bölüminiň laboranty Çarymyrat Agajanowiç Gaýypgulyýewi,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Ak bugdaý etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň däne we pagta kombaýnlary boýunça mehanigi Rejepmyrat Amangeldiýewiç Bugraýewi,

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Ahalsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Ahalsuwgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň ekskawatorçysy Daňatar Garajaýewiç Annasähedowy,

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň «Altyn asyr Türkmen köli» aragatnaşyk we gözegçilik dolanyşygynyň Balkan welaýat bölüminiň esasy inžener-gidrotehnigi Nurmuhammet Japardurdyýewiç Ýegendurdyýewi,

Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Aşyr Gurbandurdyýewiç Aşyrowy,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat 1-nji çörek kärhanasynyň çörek önümlerini bişirijisi Perhat Işankulyýewiç Sapargylyçewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Gurbanberdi Annaýewi,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nartäç Baýramowna Saryjaýewany,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hojaberdi Nobatowiç Berdiýewi,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Geldimämmet Tutlykowy,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Parahat Amanmämmedowiç Gandalyýewi,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň mehanizatory Nazarbaý Tuwakbaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hatiça Rozumbaýewna Niýazowany,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gyrmyzy Nurjanowna Täjowany,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dilraba Baýramowna Jumaýewany,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Arça Orunowiç Jumaniýazowy,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň mehanizatory Yhlas Rozyýewiç Kullyýewi.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Geldimyrat Hommatmyradowiç Rejepowy,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmuhommet Akmuhammedowiç Täşliýewi,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň baş agronomy Serdar Gurbanmyradowiç Baradowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.