29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Gruziýanyň, Ermenistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar.
“Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata bagyşlanan dabaraly çäreler Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde badalga aldy. Dabara “Akja kepderi” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy.
Soňra ahalteke bedewlerine bagyşlanan wideoşekil görkezildi. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygymyz bolmak bilen, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewler bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, olar mälim bolan at tohumlarynyň içinde iň gadymylarynyň biridir. Olar dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde hem ykrar edildi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalar at üstünde sirk meýdançasyna çykdylar. Olar merkezde tebigy dikeldiş bejergisi bolan ippoterapiýa bejergisini alýarlar.
Soňra bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Aýdym-saz we tans sungaty, türkmen milli oýunlary, surat çekmek we amaly-haşam sungaty boýunça geçirilen bäsleşikde baş baýraga Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy H.Kakadurdyýew mynasyp boldy. Şeýle hem bäsleşikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan çagalara diplomlardyr sowgatlar gowşuryldy.
Soňra halkara maslahata gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardylar. Merkeziň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda türkmen we dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlarynyň çykyşlary, sirk artistleriniň gatnaşmagynda dürli şüweleňler görkezildi. Soňra dabara gatnaşyjylar merkezde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Merkeziň çagalar sagaldyş-dikeldiş bölüminde wekiliýet agzalary bu ýerde bejergi alýan çagalaryň el işleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
Soňra foruma gatnaşyjylar toplumda döredilen şertler, şeýle hem alnyp barylýan bejeriş we anyklaýyş işleri bilen tanyşdylar.
Merkezde çagalaryň saglygyny dikeltmek we berkitmek, olaryň terbiýelenmegi, bilim we dynç almagy üçin ähli amatly şertler bar. Merkez özünde edara binasyny, 150 we 100 orunlyk iki sany çagalar bagyny, sagaldyş-dikeldiş bölümini jemleýän toplumdyr. Onuň umumy meýdany 16,3 gektara barabardyr.
Merkez bilen tanyşlykdan soňra, foruma gatnaşyjylar “Märkaw” myhmanhanasyna bardylar. Maslahatyň çäginde myhmanhananyň eýwanynda türkmen medeniýetine we sungatyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda nakgaşçylyk, senetçilik, keramika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik eserleri, milli lybaslar görkezildi.
Soňra «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Plenar mejlisiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Maslahatda, ilki bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa giriş sözi bilen çykyş etdi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen mähirli gutlady we daşary ýurtly wekillere — döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik düzümleriniň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna we wekillerine maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzüminiň hyzmatdaşlyga, onuň geljegine düşünmäge, çagalaryň bähbidine bilelikdäki wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýarlyga uly özara gyzyklanmanyň bardygyny görkezýändigini belledi.
Gaznanyň döredilen gününden bäri geçen döwür iş ýüzünde bähbitli bolan köp sanly möhüm işlere baý boldy. Şeýle-de amaly tejribe toplandy, täze başlangyçlar, iş ugurlary peýda boldy diýip, O.Atabaýewa sözüni dowam etdi we häzirki wagtda gaznanyň Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýandygyny, şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň — Durnukly ösüş maksatlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini belledi.
Häzirki wagtda biziň hemmämiz BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynyň we Milletler Bileleşiginiň çagalar üçin abadan dünýäni döretmäge gönükdirilen beýleki köptaraplaýyn esas goýujy resminamalarynyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy gün tertibiniň özbaşdak bölümi hökmünde çaga mowzugynyň ilerledilmeginiň işjeňleşdirilmegi, çagalaryň ösüşi üçin meýilnamalaryň we taslamalaryň geriminiň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýäris. Häzirki döwürde çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin diplomatik serişdeler we usullar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik düzümleriniň mümkinçilikleriniň aýratyn üns bilen ulanylmalydygyna hem-de peýdalanylmalydygyna ynanýarys. Bu ýerde ÝUNISEF, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, beýleki halkara guramalar bilen alnyp barylýan strategik hyzmatdaşlyk diňe pugtalandyrylmalydyr. Bu biziň iňňän möhüm garaýşymyzdyr diýip, O.Atabaýewa nygtady we maslahatyň dowamynda çaga meseleleri barada giňişleýin pikir alyşmalaryň boljakdygyna, çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlardyr teklipleriň öňe sürüljekdigine berk ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hemmeleri maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, bilelikdäki işlerde üstünlikleri arzuw etdi. O.Atabaýewa forumyň işine gatnaşýandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, maslahatyň işiniň BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etjekdigini aýtdy.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ynsanperwer ýörelgeleriň işjeň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, şunda çaga ösüşiniň meselelerine möhüm orun berilýändigini belledi.
Biz adamlar üçin näme etdik, olara nähili kömek etdik, kim kömege we howandarlyga mätäçlik çekýär? Bu soraglar hemişe döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde durmaly diýip hasap edýärin. Olaryň jogaby bolsa ähli ynsanperwer işleriň häsiýetini kesgitlemelidir diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa sözüni dowam etdi
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň belleýşi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýylda Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy. Bu adam hukuklary babatda Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň arasynda ýurdumyzyň gatnaşan ilkinji halkara resminamasydyr.
Her ýyl Türkmenistanda BMG-niň agentlikleri dürli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen taslamalary amala aşyrýar. Hususan-da, 2025-nji ýylda diňe bu guramanyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde ýurdumyzyň 14 edarasy we guramasy 13 sany ýyllyk iş meýilnamasyny durmuşa geçirer.
Häzirki döwürde ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan makullanan Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnama bu ugurdaky maksatnamalaýyn işleriň esasyny düzýär. Maksatnama dört ugra — çagalaryň bähbidine dolandyryş; saglyk, iýmit we çaganyň irki ösüşi; durmuş goraglylygy we çagalary goramak; ýokary hilli inklýuziw bilim boýunça netije gazanmaga gönükdirilendir. ÝUNISEF-niň we beýleki halkara hyzmatdaşlaryň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti nesil saglygy, eneleriň, täze doglan çagalaryň, ýaş çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklady. Strategiýa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagy üpjün edýär diýip, O.Atabaýewa aýtdy we ÝUNISEF bilen ulgamlaýyn iş tejribesini dowam etdirmek arkaly häzirki wagtda 2026 — 2030-njy ýyllarda çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýany taýýarlamak boýunça hem işleriň alnyp barylýandygyny, şular bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek hem-de eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek» taslamasynyň amala aşyrylýandygyny belledi.
Şeýlelikde, «Enäniň saglygy — çaganyň saglygy» atly milli şygarymyz iş ýüzünde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Onuň ýerine ýetirilmegi eneleriň saglygyny berkitmäge, olaryň beden, ýaşaýyş-durmuş, maddy we psihologik abadançylygyny, ösüşini gazanmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň derejesine we hiline ýokary baha berip, bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli, maksada gönükdirilen häsiýete eýedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara gatnaşyklarda örän möhüm hyzmaty ýerine ýetirýändigi, gaznanyň alyp barýan işleriniň ýokary ussatlygy, mähirliligi, öňde goýlan maksatlara ýetmäge tüýs ýürekden ýapyşmak, çagalar babatda belent ynsanperwerlik we mähribanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýandygy, soňky ýyllarda gaznanyň hasabyna Türkmenistanyň halkara lukmançylyk merkezlerinde we beýleki saglygy goraýyş edaralarynda çagalara 500-den gowrak operasiýanyň geçirilendigi aýratyn nygtaldy.
Çagalarymyza parahat geljegi üpjün etmek iň mynasyp, asylly we ynsanperwer wezipedir. Şu belent wezipäni bilelikde ýerine ýetireliň!” diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa sözüni jemledi hem-de hemmelere maslahatyň dowamynda netijeli işlemegi arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa söz berildi. Ol bagtyýar çagalaryň şatlykly gülküsiniň içeri we daşary syýasaty ahlaklylyk, ruhy baýlyk, ynsanperwerlik ýaly köpasyrlyk asylly ýörelgelere esaslanýan Türkmenistanyň rowaçlygynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi barada döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Gazna mümkinçilikleri çäkli çagalary goldamak, olaryň saglygyny dikeltmek we pugtalandyrmak, sazlaşykly ösmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretmek boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Döredilen wagtyndan bäri haýyr-sahawat gaznasy Aşgabatdaky we Diýarymyzyň ähli sebitlerindäki näsag çagalara tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş hyzmatlaryny üpjün edýär. Bu bolsa çagalar baradaky aladanyň halkymyzyň baş ynsanperwer ýörelgesidigini ýene-de bir gezek subut edýär.
Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady, syýasy we medeni-ynsanperwer giňişligine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň ýakyndan hyzmatdaşlyk alyp barýan halkara guramalarynyň biri hem BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň barha artýan meşhurlygy we ideologik taýdan bitarap häsiýeti ýurdumyza onuň ylym-bilim, medeni-ynsanperwer taslamalaryny durmuşa geçirmäge türkmen jemgyýetiniň wekillerini, şol sanda ýaşlary we zenanlary giňden çekmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak babatda ýöriteleşen institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasyna” gol çekilmegi ÝUNESKO bilen ylym we bilim ulgamlarynda bilelikdäki işi alyp barmakda möhüm ädim boldy diýip, Ç.Rustemowa belledi hem-de çykyşyny Gahryman Arkadagymyzyň: “Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baýlygy bolman, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň hem berk binýadydyr” diýen parasatly jümlesi bilen jemledi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mazmunly çykyşy üçin Çynar Rustemowa minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň çagalaryň hatyrasyna köp işleri amala aşyrýandygyny, munuň bolsa islendik ýurt, islendik jemgyýet üçin esasy wezipe bolup durýandygyny belledi.
Soňra O.Atabaýewa çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi hanym Saida Mirziýoýewa söz berdi. Özbegistanyň wekili çykyşyny beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri bilen başlap, şeýle ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de çagalaryň saglygyny goramak ýaly möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmakda bu forumyň ähmiýetini belledi.
Saida Mirziýoýewa özbek-türkmen gatnaşyklary barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasynyň diňe bir doganlyk ýurdy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini hem belledi. Bellenilişi ýaly, halklarymyzy taryhy, medeni we milli umumylyklar baglanyşdyrýar. Biziň halklarymyz bir agajyň iki şahasy, bir derýanyň iki kenary ýaly ýakyndyrlar. Iki döwletiň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga-da möhüm ähmiýet berilýär.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi çykyşynyň ahyrynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guralmagyna ýokary baha berip, çagalaryň saglygyny we hukuklaryny goramak ulgamynda tagallalaryň birleşdirilmeginiň umumy maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Özbegistan Respublikasynyň wekiline çuň manyly çykyşy we türkmen halkynyň adyna mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemişe ýürekdeşligi we açyklygy bilen tapawutlanýandygyny, Türkmenistanyň Özbegistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini belledi.
Soňra maslahat mowzuklaýyn iş mejlisleriniň 6-synda dowam etdi.
Maslahatyň «Çagalar üçin abadan dünýäni döretmek» atly birinji iş mejlisinde çykyş etmek üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko söz berildi. Ol RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň iberen gutlagyny okady.
Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem ählumumy özgertmeler bilen baglylykda, bu maslahatyň geçirilmegi örän möhümdir. Häzirki zaman şertlerinde özara hormat goýmak we ynanyşmak, dialoga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmaga taýýarlyk, geljek nesiller baradaky hakyky alada örän uly ähmiýete eýedir.
Inna Swýatenko Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň gutlagyny haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gowşurdy. O.Atabaýewa hanym Inna Swýatenko tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geriminiň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýandygyny aýtdy we ýurdumyzyň geljekde-de ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Soňra çykyş etmek üçin Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri hanym Mahinur Özdemir Göktaşa söz berildi.
Hanym Mahinur Özdemir Göktaş şu maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri şu maslahatyň geçirilmeginiň çagalaryň abadan geljegini üpjün etmek ugrunda möhüm başlangyç bolandygyny belläp, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Türkiýe Respublikasynyň wekiline manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen we türk halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, halklarymyzyň kyn günlerde birek-birege doganlyk goldawyny bermäge taýýardygyny taryhy tejribäniň görkezendigini belledi hem-de çagalaryň saglygyny we abadançylygyny goramak babatda ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň täze ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra O.Atabaýewa Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerde söz berdi. Ol çykyşynyň başynda ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Çagalardyr eneleriň saglygyny goramak jemgyýeti we ýurdy ösdürmekde esasy ugurlaryň biridir. Çagalara bilimiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterli edilmegi hem wajyp ähmiýete eýedir. Olaryň bagtyýar geljegini diňe ählumumy tagallalar birleşdirilende gurup bolar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda gazanylan tejribäni paýlaşmakda, anyk işleri durmuşa geçirmekde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Çykyşynyň ahyrynda hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd halkara ähmiýetli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çäksiz hoşallygyny beýan etdi.
O.Atabaýewa Eýranyň wekiline ähmiýetli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn dosty bolup durýandygyny belledi.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna söz berildi. Ol ÝUNISEF-niň wekili hökmünde bu halkara maslahata gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Hanym Jalpa Ratna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny belläp, halkara hyzmatdaşlyga, parahatçylyga we durnukly ösüşe berk ygrarlydygy, şeýle hem çagalaryň hukuklarynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri BMG we ÝUNISEF bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap gelýär hem-de çagalaryň saglygyny goramak babatda dünýä nusgalyk işleri amal edýär. “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” kabul edilmegi döwletimizi çagalary goramaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany saýlap alan ýurtlaryň hataryna çykarýar.
ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistana işe gelende, halkymyzyň däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň we taryhynyň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Türkmen medeniýetinde maşgala, agzybirlik möhüm orun eýeleýär hem-de ol çagalary terbiýelemek, mümkinçilikleri çäkli adamlary goldamak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Kähalatlarda bu möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maşgalalara ýardam bermek gerek. Şundan ugur alyp, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda milli däp-dessurlar bilen halkara borçnamalary özünde jemleýän durmuş ugurly işleriň milli nusgasyny işläp taýýarlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi goldawa mätäçlere hemaýat bermek däbiniň oňat nusgasydyr. 2021-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri bu gazna tutuş Türkmenistan boýunça howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini berip gelýär. Soňky dört ýylda köp sanly çagalar gaznanyň kömeginden peýdalandylar we bu möhüm iş dowam etdirilýär. ÝUNISEF bu başlangyjy goldaýar. Çünki bu başlangyç türkmen döwletiniň howandarlyga mätäç çagalary goldamaga berk ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, hanym Jalpa Ratna nygtady. ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanyň döwlet syýasatynda çagalar baradaky aladanyň hemişe ileri tutulýan ugur bolandygyny belläp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili hökmünde şu maslahata gatnaşýandygyna çäksiz buýsanýandygyny aýtdy.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa hanym Jalpa Ratna çuňňur many-mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigini we şu nukdaýnazardan, ÝUNISEF-niň ýurdumyzda alyp barýan işleriniň netijeliliginiň bellenilmäge mynasypdygyny aýtdy. O.Atabaýewa Türkmenistanyň çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hukuklary baradaky kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, çykyşy üçin hanym Jalpa Ratna ýene-de bir gezek sagbolsun aýtdy.
Soňra çykyş etmek nobaty Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti, “Peace and Diplomacy” žurnalynyň baş redaktory, “The Diplomatic Insight” žurnalynyň ýerine ýetiriji direktory hanym Nur Farhat Asife berildi. Ol çagalaryň abadançylygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu giň gerimli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle-de hanym Nur Farhat Asif Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti hökmünde ähli türkmen halkyny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyna dünýäniň 86 döwletiniň, şol sanda Pakistanyň hem awtordaş bolup çykyş edendigini belledi.
Hanym Nur Farhat Asif çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini nygtady.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiline eden çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi. “Hakykatdan-da, çagalar babatda alada barada aýdylanda, durnukly we parahatçylykly gurşawy döretmek möhüm bolup durýar. Elbetde, bu işe näçe köp tarap goldaw berse, şonça-da onuň netijeliligi we üstünligi ýokarlanýar” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň adyndan garaýyşlaryny paýlaşyp, maslahatyň gün tertibine goşan goşandy üçin hanym Nur Farhat Asife minnetdarlyk bildirdi.
Soňra maslahat “Çagalar üçin hemmetaraplaýyn bilim” atly ikinji iş mejlisi bilen dowam etdi. Mejlisde çykyş etmek üçin Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri jenap Mihail Sarjweladzä söz berildi. Ol «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda hem üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň mart aýynyň başynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi. Ynsan saglygy, hususan-da, ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi baradaky alada möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler üns çekilmäge mynasypdyr. Ministr şu halkara maslahatyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda tagallalaryň birleşdirilmegine ähmiýetli goşant boljakdygyny belledi hem-de foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa mazmunly çykyşy üçin jenap Mihail Sarjweladzä minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini, onuň dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, halklarymyzyň umumy ynsanperwer gymmatlyklary paýlaşýandygyny, ýurtlarymyzda ýaş nesliň sagdyn, kämil ösmegine aýratyn üns berilýändigini belledi.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Jemgyýetçilik syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Aida Isatbek gyzyna söz berildi. Dostlukly ýurduň wekili hemmeleri halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen gutlady hem-de forumyň möhüm ähmiýetini belledi.
Bellenilişi ýaly, çagalar baradaky alada hemişe möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bu meseleleriň çözülmeginde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki jemgyýetiň ösüş derejesi bilim ulgamynda ýetilen sepgitler bilen kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşi üpjün etmekde bilimi kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Hanym Aida Isatbek gyzy çykyşynyň dowamynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine 30 ýyl dolýandygyny aýdyp, türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Jemgyýetçilik syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi, şeýle hem özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Aida Isatbek gyzyna ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde ynsanperwer gymmatlyklaryň möhüm ornuny nygtaýan manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi. O.Atabaýewa Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna çagalaryň durmuşyny goramak, maşgalalary goldamak hem-de eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Soňra çykyş etmek nobaty Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beilä berildi. Hanym Şen Beili «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy üçin çäräniň guramaçylaryna hoşallygyny beýan etdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini ýerine ýetirmekde dünýä ýurtlarynyň durmuşa geçirýän maksatnamalarynda çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek meselesine zerur üns berilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we tagallalary birleşdirip, has netijeli çäreleri amala aşyrmak möhümdir.
Çykyşynyň ahyrynda hanym Şen Beili maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
O.Atabaýewa hanym Şen Beiliniň çykyşynyň ähmiýetini belläp, ynsanperwer ulgamyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şonuň üçin biz hytaýly dostlarymyzyň öňdebaryjy tejribesine we täzeçil tejribelerine ýokary baha berýäris. Siziň bu çykyşyňyz diňe bir beýan taýdan däl, eýsem, amaly taýdan ornaşdyrmaga mynasyp mysallary öz içine alýar diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti aýtdy we HHR-iň wekiline minnetdarlyk bildirdi.
Soňra maslahatyň “Sagdyn çagalar — ýurduň geljegi” atly üçünji iş mejlisinde çykyş etmek üçin Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowa söz berildi. Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri bu möhüm çäräniň guralýandygy hem-de myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny bildirip, çagalaryň saglygyny, abadançylygyny üpjün etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, şeýle halkara forumlar çagalaryň saglygyny goramak, olaryň durnukly we bagtyýar geljegini kepillendirmek ugrunda dürli ýurtlaryň, guramalaryň, jemgyýetleriň bilelikde iş alyp barmaklary üçin möhüm gural bolup hyzmat edýär. Akmaral Alnazarowa Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada aýtmak bilen, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy başlangyçlary esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, şunda saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem ösdürilýändigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda ministr Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny belledi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Gazagystan Respublikasynyň wekiline çuňňur mazmunly çykyşy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, sagdyn nesliň kemala gelmeginde halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtady. Türkmenistany we Gazagystany häzirki wagtda täze mazmun bilen üsti ýetirilýän ýokary ruhy gymmatlyklar, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri birleşdirýär. Biz mundan beýläk-de Gazagystan bilen ynsanperwerlik, adalatlylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerini öňe sürmek hem-de haýyr-sahawat işlerini ösdürmek arkaly hyzmatdaşlygy dowam etdireris diýip, O.Atabaýewa aýtdy.
Soňra Ermenistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş sekretary hanym Wardanuş Grigorýana söz berildi. Ermenistan Respublikasynyň wekili mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, çagalaryň saglygyny goramak ýaly möhüm meselelere bagyşlanan bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, çagalaryň saglygyny goramak her bir döwlet üçin ileri tutulýan ugurdyr, çünki jemgyýetiň geljegi ösüp gelýän ýaş nesil bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eneligi we çagalygy goramak diňe bir saglygy goraýyş ulgamyna däl, eýsem, durmuş-ykdysady, medeni ugurlara-da degişli köpugurly meseledir. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda durmuşa geçirilýän işlerde tagallalaryň birleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Dostlukly ýurduň wekili sözüniň ahyrynda şu halkara forumyň netijeleriniň çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini ýola goýmaga badalga berjekdigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Ermenistan Respublikasynyň wekiline mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda dostluk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy.
Soňra Awstriýa Respublikasynyň «Askin&Co Med-Lab» kompaniýasynyň Baş direktory jenap Ralf Lugbauere söz berildi.
Bellenilişi ýaly, «Askin&Co Med-Lab» kompaniýasy saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça dürli taslamalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän dürli lukmançylyk merkezleri, köpugurly hassahanalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Şunda işewür kompaniýanyň Türkmenistandaky esasy taslamalarynyň biri bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine aýratyn buýsanýandygyny nygtady. Bu merkez kompaniýanyň çagalaryň abadançylygyny, olary zerur sagaldyş-dikeldiş hyzmatlary bilen üpjün etmäge ygrarlydygynyň mysalydyr. Pursatdan peýdalanyp, «Askin&Co Med-Lab» kompaniýasynyň Baş direktory şu ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa çykyşy üçin Awstriýa Respublikasynyň wekiline minnetdarlyk bildirip, çagalaryň saglygyny üpjün etmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan usullardan, çemeleşmelerden we gollanmalardan peýdalanmagyň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň, şol sanda Ýewropanyň öňdebaryjy tejribelerine hem-de tehnologiýalaryna daýanýar. Onuň netijeliligini Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin, ygtybarly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk subut edýär diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti belledi.
Maslahatyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň «GD Global Health Company» kompaniýasynyň direktory Gauraw Ýadawa söz berildi. Myhman, ilki bilen, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we şu halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Gauraw Ýadaw çagalaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda saglygy goraýyş, çaga iýmitiniň önümçiligi ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. «GD Global Health Company» kompaniýasynyň direktory bilimleri, serişdelerdir tehnologiýalary alyşmak arkaly Hindistan bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň nusgalyk häsiýete eýe boljakdygyny belledi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Hindistan Respublikasynyň wekiline eden çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu ýurduň ösen lukmançylyk tehnologiýalarynyň, çaga saglygy maksatnamalarynyň, keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça tejribesiniň dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa Türkmenistanyň çagalar üçin ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek babatda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, öňdebaryjy lukmançylyk çözgütleriniň, çagalaryň saglygyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Soňra maslahatyň «Çaganyň durmuşynda maşgala» atly dördünji iş mejlisinde çykyş etmek üçin «Belarus çaga gaznasy» respublikan jemgyýetçilik birleşmesiniň diwanynyň başlygy hanym Lýudmila Kondraşowa söz berildi. Ol “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şeýle ýokary derejeli forumyň onda garalýan meselelere çemeleşmeleriň diňe bir ara alnyp maslahatlaşylmagyny däl-de, milli we halkara derejede olaryň çözgüdini tapmagyň ygtybarly ugurlaryny işläp taýýarlamagy talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu babatda durmuşa geçirýän işleriniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem hanym Lýudmila Kondraşowa maslahata gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bagtyýar çagalygyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleri döredýändiklerine göz ýetirmäge mümkinçilik alandyklaryny aýtdy. L.Kondraşowa Türkmenistanda çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilen asylly işleriň guralyşy bilen tanyşmaga, türkmen tebigatynyň täsin gözelligini synlamaga döredilen mümkinçilik we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çagalygy goramakda we maşgala goldaw bermekde jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm ornuny belläp, çaga üçin sazlaşykly terbiýe we ösüş şertlerini döretmegiň diňe mähirli hem-de berk maşgala gurşawynda mümkin bolýandygyna ünsi çekdi. O.Atabaýewa Türkmenistanyň hem maşgalany durmuş taýdan goldamak işine aýratyn üns berýändigini we bu işde halkara usulyýetlere esaslanýandygyny belläp, «Belarus çaga gaznasy» birleşmesiniň dürli durmuş ýagdaýlaryna düşen çagalara we olaryň maşgalalaryna kömek bermek boýunça gazanan tejribesi barada eden täsirli çykyşy üçin hanym Lýudmila Kondraşowa minnetdarlyk bildirdi.
Soňra maslahatda «Soňky günüň keramaty» atly haýyr-sahawat guramasynyň Ýewropa boýunça esasy wekili jenap Pol Pikar çykyş etdi. Myhman forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, ynsanperwerligiň umumadamzat gymmatlyklarynyň biridigini, bu ýörelgäniň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmäge ýardam berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň nusgalyk häsiýete eýedigi aýdyldy. Çykyşynyň ahyrynda «Soňky günüň keramaty» atly haýyr-sahawat guramasynyň Ýewropa boýunça esasy wekili ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen forumyň netijeleriniň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açjakdygyna ynam bildirdi.
O.Atabaýewa jenap Pol Pikaryň çagalara terbiýe bermekde ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ähmiýeti we maşgalanyň orny barada möhüm pikirleri beýan edendigini aýdyp, maşgalanyň diňe bir jemgyýetiň düzüm bölegi bolman, eýsem, çaga üçin söýginiň, goldawyň we şahsyýetiň kemala gelýän ýeri bolup durýandygyny belledi. Maşgalanyň içindäki hormat, duýgudaşlyk, birek-birege kömek etmek ýaly ahlak gymmatlyklary çagalaryň ruhy taýdan berk we geljekde jogapkärli adamlar bolup ýetişmegine ýardam berýär diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti aýtdy.
Maslahatyň «Howanyň üýtgemegi we çagalar» atly bäşinji iş mejlisinde çykyş etmek üçin Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy jenap Serhan Aktopraga söz berildi. Ol bu maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, migrasiýa işleriniň netijeli ýola goýulmagy ýurtlaryň hem-de aýry-aýry adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, birek-biregiň ýaşaýyş-durmuşy, medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Bu ugurda Halkara Migrasiýa Guramasy Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Gurama ýurduň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça tagallalaryny aýratyn belleýär. Bu mesele Merkezi Aziýa ýurtlary üçin möhüm bolup, Türkmenistan suwuň her bir damjasynyň rejeli peýdalanylmagy ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bu ugurdaky öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly gidrotehniki düzümleri döwrebaplaşdyrýar hem-de suw serişdelerini netijeli dolandyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Jenap Serhan Aktoprak bularyň ählisiniň umumy abadançylygyň, şol sanda çagalaryň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belläp, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň durnukly ösüşine, ýurduň halkynyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigini nygtady.
O.Atabaýewa Serhan Aktopragyň öz çykyşynda howanyň üýtgemeginiň migrasiýa hadysalaryna, aýratyn-da, onuň çagalara ýetirýän täsirine ünsi çekendigini aýdyp, dünýäde tebigy hadysalar we ekologik meseleler sebäpli çagalara bilim bermegiň, olary lukmançylyk kömegi, howpsuz gurşaw bilen üpjün etmegiň has-da kynlaşandygyny belledi. Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly migrasiýa meselesine halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halkara Migrasiýa Guramasy bilen migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlary, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly dürli çäreleri bilelikde amala aşyrýar diýip, O.Atabaýewa nygtady we Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra çykyş etmek nobaty Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlar we maşgala işleri boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary hanym Çamanoro Odinaýewa berildi. Täjigistanyň wekili şeýle abraýly forumda çykyş etmek mümkinçiligi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, howanyň üýtgemegi şertlerinde çagalar we olaryň geljegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guralan bu möhüm çäräniň ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, howanyň üýtgemegi häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Ol tebigy betbagtçylyklaryň artmagyna täsir edýär. Bu bolsa ählumumy derejede bilelikdäki tagallalary talap edýär. Şunuň bilen birlikde, howanyň üýtgemegi ýurtlaryň we sebitleriň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Munuň özi ykdysadyýetiň pudaklarynyň kuwwatyny peseldip, möhüm infrastrukturalaryň, şol sanda saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň netijeliliginiň gowşamagyna getirýär. Bu ulgamlar çagalaryň, jemgyýetiň sagdyn ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çamanoro Odinaýewa Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň hem-de onuň täsirleriniň öňüni almak bilen baglanyşykly wajyp başlangyçlary öňe sürýändigine ünsi çekip, bu başlangyçlaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlar we maşgala işleri boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary bilelikdäki tagallalar esasynda geljek nesilleriň abadançylygyna gönükdirilen netijeli strategiýalaryň işlenip taýýarlanyljakdygyna ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dialogyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi we Türkmenistanyň bu netijeli dialogy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Geçen ýylda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde çagalaryň kämil bilim almagy we mähirli gurşawda ösmegi üçin ähli şertler döredilen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň gurlup ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň ynsanperwer syýasatlarynyň dabaralanýandygyna güwä geçýär diýip, O.Atabaýewa belledi we täsirli çykyşy üçin Çamanoro Odinaýewa minnetdarlyk bildirdi.
Soňra maslahat “Hi Nounou” fransuz kompaniýasynyň esaslandyryjysy we Baş direktory Şarl Barkyň çykyşy bilen dowam etdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda çagalaryň saglygyny goramak hem-de bagtyýar geljegini üpjün etmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri munuň aýdyň mysalydyr. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu möhüm ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Arkadag şäherinde guralýan halkara forumyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança boljakdygyny belledi hem-de maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
O.Atabaýewa jenap Şarl Barka çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Fransiýada ekologiýa babatda bilime aýratyn üns berilýändigini belledi. Ekologik taýdan arassa tehnologiýalar, saglygy goraýyş ulgamy we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek uzak möhletde mümkin bolan durmuş we ykdysady çykdajylary peseltmäge ýardam berer diýip pikir edýäris. Maliýe serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy we durnukly ösüş strategiýalary çagalary howanyň üýtgemeginiň täsirlerinden goramagyň möhüm guraly bolup biler diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti aýtdy.
Maslahatyň «Çagalaryň ösüşiniň çeşmeleri» atly altynjy iş mejlisinde çykyş etmek üçin Türki medeniýet we miras gaznasynyň prezidenti hanym Aktoty Raimkulowa söz berildi.
Hanym A.Raimkulowa Türki medeniýet we miras gaznasynyň adyndan örän möhüm meselä — geljegimiz bolan çagalara bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, beýleki ähli halklarda bolşy ýaly, türki halklaryň hem gadymy döwürlerden bäri ösüp gelýän nesliň ruhy-ahlak, beden taýdan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine aýratyn üns berendiklerini belledi. Nygtalyşy ýaly, ýaş nesil geçmişimizi we geljegimizi birleşdirýän altyn halka bolmak bilen, nesilleriň dowamatynyň, jemgyýetiň ösüşiniň, medeni mirasyň goralyp saklanmagynyň geljekki ygtybarly kepilidir. Heniz çagalykdan başlap ýaş nesliň kalbynda diňe bir bilimleriň gaznasy däl-de, mertebe, hormat, adalatlylyk, öz ýurdunyň taryhyna söýgi ýaly belent taglymlar hem kemala gelýär. Türki medeniýet we miras gaznasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny berkarar etmek meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa hanym Aktoty Raimkulowanyň öz çykyşynda çagalaryň ösüşinde milli medeniýetiň we mirasyň ornuna aýratyn üns çekendigini belledi. Türki halklaryň baý medeni-taryhy mirasy çagalara terbiýe bermekde, olary ruhy we aň-bilim taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Milli gymmatlyklary, edebiýaty, sungaty, däp-dessurlary ýaş nesle ýetirmek bilen, biz olara özbaşdak pikirlenmegi, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi, jemgyýetde öz ornuny tapmagy üçin zerur binýady döredýäris diýip, O.Atabaýewa aýtdy hem-de Türki medeniýet we miras gaznasynyň prezidentine çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary jenap Žak Barberise söz berildi. Ol häzirki döwürde Ýer ýüzünde bolup geçýän tebigy hadysalaryň, ilkinji nobatda, çagalaryň sagdyn ösüşine ýaramaz täsir edýändigini, çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen çagalara bilim, saglyk we beýleki hyzmatlaryň berilmeginde bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Halkara Gyzyl Haç komiteti we Halkara Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti degişli goldawlary we ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça yzygiderli iş alyp barýar. Bu bolsa çagalaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň goşulyşmagyna, durmuşda öz orunlaryny tapmagyna ýardam berýär. Şunda ynsanperwerligiň diňe bir ugurdaş düzümleriň wezipesi däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň jogapkärçiligi bolup durýandygy we bu babatda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän işleriniň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda şu maslahatyň ynsanperwer ulgamda halkara tagallalary birleşdirmäge goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çuň manyly çykyşy üçin Žak Barberise minnetdarlyk bildirip, halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini ilerletmekde Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň netijeli hyzmatdaşlygyny belledi hem-de ýurdumyzyň bar bolan mümkinçilikleri artdyrmakda Halkara Gyzyl Haç komiteti bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini goldaýandygyny aýtdy.
Soňra maslahat BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Merkezi Aziýa, Eýran, Pakistan we Owganystan boýunça sebitleýin wekilhanasynyň saglyk maksatnamalarynyň utgaşdyryjysy jenap Miloş Stoýanowiçiň çykyşy bilen dowam etdi.
Miloş Stoýanowiçiň belleýşi ýaly, sagdyn jemgyýet sagdyn nesli kemala getirmekde möhüm şertleriň biridir. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagy ýaş nesle uly täsirini ýetirýär. Biz şu giň gerimli maslahata gatnaşmak arkaly Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalaryň döwlet tarapyndan uly aladalar bilen gurşalýandygynyň şaýady bolduk. Türkmenistanda saparda bolmak we sebitiň iň ajaýyp şäherleriniň biri bolan Arkadag şäherinde geçirilýän maslahata gatnaşmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen ýakyndan tanyşdyk diýip, myhman belledi. Çykyşynyň ahyrynda Miloş Stoýanowiç bu çärä gatnaşmaga hem-de onuň çäklerinde çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen strategik hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň ählumumy, sebitleýin taslamalaryna gatnaşyp, milli derejede öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirýändigini, psihologik goldawy bermegiň, öňüni alyş çärelerini giňeldip, çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň ädilýändigini belledi we çykyşy üçin Miloş Stoýanowiçe minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, çykyşlary, şeýle hem Türkmenistan barada aýdan hoşniýetli sözleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we jemleýji sözi bilen çykyş etdi.
O.Atabaýewa «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatda meýilleşdirilen çykyşlaryň tamamlanandygyny hem-de olarda çagalaryň saglygyny goramak we abadan ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek her bir döwletiň daşary we içeri syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýandygynyň bellenilendigini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, maslahatyň dowamynda eneligi we çagalygy goramak, çagalaryň ählitaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge zerur şertleri döretmek, bilimliligi ýokarlandyrmak, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmegiň hasabyna çagalaryň saglygyny berkitmek ýaly ençeme meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan nusgalyk işleri türkmen halkynyň naýbaşy ynsanperwer ýörelgeleriniň aýdyň ýüze çykmasydyr. Munuň şeýledigini döredilmeginiň dört ýyllyk taryhy senesini belleýän gaznamyzyň geçen ýyllarda ýurdumyzda we dünýäde amala aşyran ynsanperwer işleri hem aýdyňlygy bilen subut edýär diýip, haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti aýtdy we pursatdan peýdalanyp, halkara maslahatyň işine goşandy üçin hemmelere çuňňur minnetdarlygyny bildirdi hem-de onuň dowamynda seredilen meseleleriň maslahatyň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapandygyny belledi.
O.Atabaýewa foruma gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edip, çykyşyny: “Goý, döwlet Baştutanymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinýän oňyn ynsanperwer syýasaty mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!” diýen sözler bilen jemledi.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
“Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilleri hakynda resminama; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Ýaşyl» mekdep» bilelikdäki Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň «Ýaşyl» mekdep» bilelikdäki Maksatnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara guraldy.
Şeýlelikde, “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat Türkmenistanyň çagalaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.