Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna-da aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramak bilen bir hatarda, halkara gatnaşyklary berkitmek babatda alyp barýan işlerini hem bellemek gerek.
Ilatyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky alada döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly asylly işleri paýhasly pederlerimiziň ynsanperwer däplerinden gözbaş alýar.
Ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen forumyň gün tertibine ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň zehinlerini açyp görkezmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem halkara forumyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup, ol maslahatyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.
Halkara maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, foruma gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzüminiň hyzmatdaşlyga, onuň geljegine düşünmäge hem-de çagalaryň bähbidine bilelikdäki wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýarlyga bolan uly özara gyzyklanmanyň bardygyny görkezýändigini belledi. Gaznanyň döredilen gününden bäri geçen döwür iş ýüzünde bähbitli bolan köp sanly möhüm işlere baý boldy. Şol bir wagtyň özünde amaly tejribe toplandy, täze başlangyçlar hem-de iş ugurlary peýda boldy diýip, O.Atabaýewa nygtady we häzirki wagtda gaznanyň Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalarynyň, maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýandygyny, şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda dürli lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň beýleki döwletler we abraýly halkara guramalar bilen ynsanperwer ugurly halkara gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Bu bolsa özara tejribe alyşmakda hem-de täzeçil usullary özleşdirmekde ähmiýetli ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara giňişlikde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we işjeň başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny bellemeli.
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygynda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde gaznanyň wise-prezidenti, ilki bilen, Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy. Birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda geçen duşuşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň dünýäde parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynda saparda boldy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasy Alber II bilen duşuşdy. Şonda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Alber II bilen duşuşygynda Monako bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň uly geljeginiň bardygyny nygtapdy. Bu meseleler gaznanyň wise-prezidentiniň dostlukly döwlete amala aşyran saparynyň çäklerinde has-da ilerledilip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler we halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän ynsanperwer ýörelgeleri baradaky maglumatlar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär. Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn wagyz edilmegi ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň dünýä nusgalykdygynyň güwäsidir. Şunda dünýäniň iri media düzümleriniň biri bolan “Euronews” teleýaýlymynyň Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, onuň ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary, zähmet ýeňişlerini beýan edýän maglumatlary tomaşaçylara yzygiderli hödürleýändigini bellemek gerek. Munuň özi soňky ýyllarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere halkara giňişlikde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer ýol-ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da ilerledilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.