Hazar deňziniň derejesi gözegçilikleriň ähli döwründe iň per derejä düşdi. Bu barada Russiýanyň Hazaryň Balykçylyk institutynyň Wolga-Kaspi bölümi habar berdi.
Hazar deňziniň derejesi geçen asyryň ahyryndan bäri pese gaçýar. Ol 2020-nji ýyldan bäri, takmynan, 0,8 m azaldy. Bu ýagdaý dowam edýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, Hazar deňziniň derejesi indi gözegçilikleriniň ähli döwründe iň pes derejä düşdi. Ol Baltika beýikligi ulgamy boýunça -29 m-den az. Bu ýagdaý Russiýanyň we Gazagystanyň kenarlaryny ýuwýan deňziň has pes demirgazyk bölegine ep-esli täsir edýär.
Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi derýa suwlarynyň, esasan hem, Wolga akymynyň azalmagy bilen baglanyşykly. Atmosferada ýyladyşhana gazlarynyň artmagy hem täsir edýär. Netijede temperatura ýokarlanyp, deňziň we derýalaryň ýüzünden çalt bugarýar. Mundan başga-da, adamlar suwaryş, senagat, ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary üçin ep-esli suw gorlaryny ulanýarlar.
Russiýanyň Tebigy baýlyklar ministrligi Hazar deňziniň suwunyň azalmagy garşy göreşmek üçin giňişleýin maksatnama düzýär. Hazar deňzi Ýerdäki iň uly ýapyk suw howdanydyr. Oňa 130-dan gowrak derýa birigýär.