He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry he­mi­şe ile­ri tut­ýar. Bu ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk we hoş­ni­ýet­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk her bir türk­me­nis­tan­ly üçin örän mu­kad­des dü­şün­je­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy ýur­du­my­zyň köp­ta­rap­ly kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­me­gi ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­ny dün­ýä ýaý­ma­gy­nyň, hal­ky­my­zyň ru­hy taý­dan gal­kyn­ma­gy­nyň, äh­lu­mu­my bäh­bit­ler ug­run­da giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ma­gy dün­ýä de­re­je­sin­de be­lent ab­raý­dyr.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň möhüm şerti bolup, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge düýpli itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar.

Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, da­şa­ry ýurt­lar bi­len dost­luk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk köp­rü­le­ri­ni ýo­la go­ýan ýur­du­myz da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­ny yna­nyş­ma­gyň hem-de öza­ra hor­mat goý­ma­gyň mi­ze­mez ýö­rel­ge­le­ri bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar. Dün­ýä döw­let­le­ri bi­len al­nyp ba­ryl­ýan gat­na­şyk­lar­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň, bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­ma­gyň, do­gan­ly­gyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýa­nyl­ýar. Bu mä­käm bin­ýat gel­je­ge ynam­ly ga­ra­ma­ga, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň giň ge­rim­li we uzak möh­let­le­ýin hem-de dur­mu­şa ukyp­ly me­ýil­na­ma­la­ry­ny düz­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň örän mö­hüm ýag­da­ýy bo­lup çy­kyş ed­ýän açyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýar.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­my­zyň bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­me­gi ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň, yn­san­per­wer­lik­li ýol-ýö­rel­ge­le­ri­niň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na eýe­di­gi­ni be­ýan ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň ber­ka­rar bol­ma­gy we dur­nuk­ly ösüş ug­run­da ynam­ly öňe git­me­gi ýur­du­my­zyň eş­ret­li gel­je­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry he­mi­şe gol­da­nyl­ýar. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len «2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni gy­şar­nyk­syz do­wam et­dir­ýär, oňyn baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň we umu­ma­dam­za­dyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Ge­çen ýyl ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­niň 25 ýyl­ly­gy bel­le­nip ge­çil­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da­ky Ka­rar­na­ma­sy bi­len dün­ýä­niň 185 ýur­dy ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan yk­rar edi­len we Baş As­samb­le­ýa­nyň 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da­ky Ka­rar­na­ma­sy bi­len ikin­ji ge­zek ykrar edilen he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 12-nji de­kab­ryň «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» diý­lip yg­lan edil­me­gi bol­sa ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge go­şan uly go­şan­dy­nyň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ge­çen dö­wür­de ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan Bi­ta­rap­lyk da­şa­ry sy­ýa­sa­ty öz ne­ti­je­li­li­gi­ni, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uzak möh­let­le­ýin bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­na esas­la­nyp, Türk­me­nis­tan giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len, äh­li ýurt­la­ryň we halk­la­ryň düýp­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mö­hüm baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş edip, ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek­de hem çä­re­le­ri ama­la aşyr­ýar.
Umu­man, türk­men döw­le­ti özü­niň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na eýe­rip, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy hem-de söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär. Ol hem ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň be­ýik yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­ýan­dy­gy­nyň do­ly su­but­na­ma­sy­dyr.

Ys­lam­ber­di TYL­LA­NU­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.