Belgiýanyň Federal Hökümeti hepdelik iş gününiň 5 günden 4 güne düşürilmegi üçin edilen teklibi ara alyp maslahatlaşýar. Syýasy ýolbaşçylar we deputatlar hepdelik iş sagadynyň üýtgemezligini, emma iş gününiň azaldylmagyny teklip edýärler. Teklipde hepdelik iş sagadynyň pudaga görä 38 ýa-da 40 sagat bolmagynda galmagy, emma iş gününiň 4 bolmagy göz öňünde tutulýar. Hökümet ýolbaşçylary bu teklibiň haýsy pudakda zähmet çekýän adamlar üçin amatly boljakdygy barada pikir alşarlar. Teklip kabul edilen ýagdaýynda käbir pudakda işleýänler günde 10 sagada golaý işlemeli bolar.