27-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek babatda şu günler alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, güýzlük bugdaý ekişine ak pata bermek, şeýle hem tejribeli daýhanlaryň, hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek barada haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji sentýabryndan başlap bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi.
Şu möwsümde ýurdumyz boýunça bugdaý ekiji oba hojalyk gurallarynyň we traktorlaryň 1 müň 545-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin etraplarda ýöriteleşdirilen abatlaýyş toparlary döredildi.