10 ýyl ozal Uly adron kollaýderinde işleýän barlag geçirijiler ylymda iň möhüm açyşlaryň biri bolan Higgsiň bozonynyň bardygyny tassykladylar. Bu barada 2012-nji ýylyň 4-nji iýulynda yglan edildi. Higgsiň bozonynyň tapylmagy alymlara bölejikleriň massasyny nädip alýandyklaryny anyklamaga mümkinçilik berdi.

Nazaryýetiň awtorlary Piter Higgs we Fransua Engler 2013-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragyna eýe boldular. Ýadro barlaglary boýunça Ýewropa guramasy, üç ýyllyk tehniki arakesmeden soň kollaýderi täzeden işe girizmegi 5-nji iýulda işe girizdiler. Şondan soň, kollaýder energiýanyň görlüp-eşidilmedik derejesinde bölejikleri biri-biri bilen çakyşdyryp başlar.

— Uly adron kollaýderinde ilki bilen her bir şöhle toplumjygynda 6,8 elektron wolt energiýa bilen protonlary çaltlaşdyrarys. Bu derejede çaknyşyk energiýasy 13,6 trillion elektron wolta ýetip, synag üçin gyzykly rekord bolar. Ondan soň, üç ýyllap synag wagtynda alnan maglumatlary ýygnarys. Şeýlelikde, biz täze açyşlar edip bileris – diýip, baş inžener Delfin Žake aýtdy.

Uly adron kollaýderi Ženewanyň golaýynda guruldy. Onuň esasy wezipesi, Älemiň gurluşynyň standart modelindäki gyşarmalary ygtybarly kesgitlemekden ybarat bolup durýar. Gurluşyk we barlag işlerine 100-den gowrak ýurtdan 10 müňden gowrak alym we inžener gatnaşdy.