17-nji oktyabryň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Himiýa» dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň ýapyłyş hem-de halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan bilim-ylym ulgamynda, şeýle hem himiki tehnologiýalaryň ösüşiniň üstünlikleriniň, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine aýlanyp gördüler.
Maslahatyň «Himiýany okatmagyň innnowasion usullary», «Himiya ylmyny ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly bölümlerinde başlyklyk eden daşary ýurtly professor-mugallymlar bölümlerde alnyp barlan işler, ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça hasabatlary bilen çykyş etdiler. Dabarada çykyş edenler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Himiýa» dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini belläp geçdiler. Halkara ylmy-amaly maslahatynda has tapawutlanyp çykyş eden daşary ýurtly gatnaşyjylara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinin şahadatnamalary gowşuryldy. Sonra dabara halkara ülňülerine laýyklykda A we B derejelerde geçirilen «Himiya” dersi boýunça IV halkara olimpiadasyna daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň eminlik eden professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň netijeleri yglan edildi hem-de bu ýeňijileri sylaglamak dabarasy bilen utgaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň, Ýaponiýanyň, Hytay Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 29-syndan tałyplaryň 100-e golaýynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden 150-den gowrak talyplar «Himiya» dersi boýunça IV halkara olimpiadasy şahsy bäsleşik A we B derejede geçirildi, A derejä himiya hünärinde okaýan we beýleki isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň, B derejä himiýa hünäri bolmadyk jokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Himiýa» dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň netijeleri boýunça şahsy birinjilikde A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenilip, olardan 14-si-altyn, 17-si kümüş, 32-si bolsa bürünç medallary eýelän talyplardyr. Şeýle-de, şahsy birinjilikde B derejede baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenilip, olardan 11-sy-altyn, 18-si kümüş, 28-si bolsa bürünç medallary eyelän talyplardyr.
Bäsleşige gatnaşýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplar mümkin bolan umumy 120 sany medaldan, 57-sini eýeläp, olardan hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary has ýokary netije görkezip, 25 medala, ýagny 4 altyn, 7 kümüş, 14 bürünç medallara mynasyp boldular. «Himiýa» dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň netijeleri boýunça ýeňijilere altyn, kümüş we bürünc medallar hem-de I, II we III derejeli Diplomlar, höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.