Hi­mi­ýa se­na­ga­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň stra­te­gik äh­mi­ýet­li ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ýur­du­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga, se­na­gat­laş­dyr­ma­ga we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär. Döw­let ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan dur­nuk­ly ösüş sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de bu ugur­da iri önüm­çi­lik top­lum­la­ry dö­re­dil­di hem-de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ösü­şi bir­nä­çe mö­hüm ugur­la­ry öz içi­ne alyp, olar mi­ne­ral dö­kün­le­riň önüm­çi­li­gi oba ho­ja­ly­gy­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär, gazhi­mi­ýa top­lum­la­ry: te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly po­li­mer­ler, sin­te­tik ma­te­ri­al­lar we beý­le­ki ýo­ka­ry goş­ma­ça gym­mat­ly önüm­ler ön­dü­ril­ýär, der­man we ho­ja­lyk hi­mi­ýa­sy, ýagny der­man se­riş­de­le­ri­niň we gün­de­lik sarp edil­ýän hi­mi­ki önüm­le­riň önüm­çi­li­gi gi­ňel­dil­ýär.
Ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty kö­pu­gur­ly­dyr. Mu­ňa my­sal edip, ne­bit we gaz çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, te­bi­gy ýo­dy çy­kar­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek ýa­ly ugur­la­ry gör­kez­mek bo­lar.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­n­da Türk­men­ba­şy­nyň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my özü­niň önüm­çi­lik ugur­la­ry­ny giň ge­rim­ler­de ös­dür­di. Ne­bit çig ma­lyn­dan dür­li ýan­gyç we çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­ýän za­wod­lar bi­len bir­lik­de te­bi­gy ýod çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek, po­lie­ti­le­n we po­lip­ro­pi­le­n ön­dür­ýän kärhanalar dö­re­dil­di. Za­wod­lar top­lu­my­nyň ön­dür­ýän bu ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri dün­ýä ba­zar­la­ryn­da geç­gin­li ha­ryt­la­ra öw­rül­di. Şeý­le hem soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da ama­la aşy­ry­lan giň möç­be­ri ma­ýa go­ýum­la­ryň ne­ti­je­sin­de, Gar­lyk dag-mag­dan kä­nin­de duz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça dag-mag­dan baý­laş­dy­ry­jy top­lu­my, Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid za­wo­dy ýa­ly en­çe­me iri des­ga­lar gu­rul­dy. Bal­kan hem-de Le­bap we­la­ýa­tlaryn­da tä­ze hi­mi­ýa des­ga­la­ry­nyň düý­bi tu­tul­dy.
Hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ösü­şi döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak hem-de eko­lo­giýa taý­dan howp­suz önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek ile­ri tu­tul­ýar. Kär­ha­na­lar­da döw­re­bap en­jam­lar ula­ny­lyp, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Hi­mi­ýa se­na­ga­ty ýur­duň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Mi­ne­ral dö­kün­ler we gazhi­mi­ýa önüm­le­ri da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da uly is­le­ge eýe bo­lup, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Şeý­le-de bu pu­dak tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Gel­jek­de hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­mak, önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak hem-de hal­ka­ra ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak esa­sy mak­sat­la­ryň bi­ri­dir.
Ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ösü­şi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, ila­tyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge we ýur­du­my­zyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryn­da­ky or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­let ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn sy­ýa­sat bu ugur­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň do­wam­ly bol­ma­gy­na berk bin­ýat dö­red­ýär.

Aýgül ESENOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.