Hindi ummanynda ýerleşýän Maldiw adalary ak çägeli kenarlary, mawy deňzi, tropik howasy, onlarça kaşaň dynç alyş ýerleri, şeýle hem deňiz derejesinden beýikde bolmadyk tekiz adalary bilen tanalýar. 298 inedördül kilometr meýdany tutýan Maldiw adalary Günorta Aziýanyň iň kiçi ýurdy hasaplanýar. Adanyň esasy dili ýerli maldiw dili bolup, syýahatçylar bilen düşünişmek üçin iňlis dili ulanylýar. Ýurduň merkezi şäheri Male dünýäniň iň kiçi paýtagty we gür ilatly şäherleriniň biridir. Ada döwletiniň pul birligi maldiw rufiýasy bolup, bazarlarda, esasan, ter we kakadylan tropik miweler, deňiz jandarlarynyň gabygyndan ýasalan bezeg şaýlary we balygyň dürli görnüşleri satylýar.
Maldiw adalary ululy-kiçili 1200 adadan ybarat bolup, şol adalaryň diňe 200-sinde ilat ýaşaýar. Ilaty 540 müň töweregi bolan Maldiw adalarynda 1972-nji ýylda ilkinji dynç alyş merkezi açylýar. Syýahatçylyk pudagynda täze syýahatçylyk mekany hasaplanýan Maldiwlere 50 ýyl bäri syýahatçy barýar. Maldiw adalaryna gämili ýa-da uçarly baryp bolýar. Köpçüligiň ünsüni özüne çekýän ada döwletinde syýahatçylar üçin niýetlenen ýörite myhmanhanalar bolup, deňizde ýüzmek, gämili ýa-da uçarly gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak hem-de kenarýakalarda gijeki gezelençler ýaly çäreler hödürlenýär. Adada restoranlaryň dürli görnüşi bolup, ýerli Aziýa naharlary, Ýewropa tagamlary, deňiz jandarlaryndan taýýarlanan iýmitler, tropik miwelerden içimlikler we işdäaçarlar myhmanlara hödür edilýär. Bulardan başga-da, Maldiw adalaryna baran syýahatçylara «Dört möwsüm» meýilnamasy hödürlenýär. Maldiw adalary tomusda syýahat edilmeli iň ajaýyp ýerleriň biridir. Maldiw adalaryna ýanyň bilen öý jandarlaryny eltmek gadagan edilýär.
Maldiw adalary ak çägeli kenarlary bilen meşhurdyr. Bu ýerdäki ak çägeler deňiz jandarlarynyň galyndylaryndan emele gelipdir. Şol sebäpli ak çägede aşa yssy howada hem aýakýalaňaç gezip bolýar. Maldiwler deňiz derejesi boýunça dünýäniň iň pesde ýerleşýän döwleti hasaplanýar. Adalaryň iň beýigi suwdan 2,5 metr ýokarda ýerleşýär. Ýylyň dowamynda howanyň ýylyly 28-32 dereje aralygynda, kenardaky deňiz suwy 24 derejede saklanýar. Ýurduň kenarlary suwasty jandarlara baý bolup, adalaryň golaýynda deňiz jandarlarynyň tas ählisi diýen ýaly ýaşaýar. Deňizde balygyň 700-den gowrak görnüşi, leňňeç we suw guşlarynyň birnäçesi duş gelýär. Şeýle hem adada ganatyny açanynda 1,5 metre ýetýän miwe ýarganaty ýaşaýar.
Ýerli halkyň aglabasy irki döwürlerden bäri balykçylyk bilen meşgullanýar. Adalaryň arasyndaky gatnawlar suwa gonýan kiçi uçarlar we gaýyklar arkaly amala aşyrylýar. Ýurduň Halkara howa menzili paýtagt bilen adybir adanyň golaýyndaky Hulhule adasynda ýerleşýär. Bu ýerde ýerli gatnawlara niýetlenen suw uçarlary üçin terminal bar. Käbir adada hiç hili awtoulag bolman, welosiped sürülýär. Şeýle hem ilat ýaşamaýan, diňe myhmanhana toplumy gurlan adalar hem bar. Ýurtda sport görnüşlerinden futbola we badmintona uly üns berilýär.