27-nji ýanwarda – şu gün Nýu-Delide geçirilýän sammitde Hindistan we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) erkin söwda ylalaşygyny resmi taýdan mälim ederler. Bu karar Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň ÝB-niň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda tassyklanyldy. Hindistanyň söwda ministrligi bu şertnamany “taryhyň iň möhüm ylalaşygy” we “geljege gönükdirilen ädim” diýip atlandyrdy.
Bu ylalaşyk dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden bir bölegini we 2 milliarda golaý sarp edijini öz içine alýan ägirt bazary birleşdirýär. Maglumatlara görä, 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanşygy 139 milliard dollara ýetdi (bu görkeziji 10 ýyl öňkiden 90% köpdür). Hyzmatlar ulgamyndaky söwda bolsa 69 milliard dollara ýetdi.
Gepleşikleriň esasy bölegi awtoulag, polat we dokma pudaklaryna gönükdirildi. Hindistan Ýewropadan getirilýän ulaglar üçin gümrük pajyny 110%-den 40%-e düşürmekçi. Ýewropa bazary Hindistanyň dokma, derman we polat önümleri üçin has giň açar. Hindistan öz millionlarça fermerini goramak maksady bilen käbir oba hojalyk we süýt önümlerini bu ylalaşygyň daşynda saklady.
Bu ädim dünýä söwdasyndaky näbelliliklere we ABŞ-nyň girizen gümrük paçlaryna garşy strategik jogap hökmünde görülýär. Hindistan we ÝB öz söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmegi maksat edinýärler.
Ylalaşygyň tekstiniň hukuk taýdan barlanylmagy üçin ýene 5-6 aý wagt gerek bolar. Şondan soň resmi gol çekişlik dabarasy geçiriler we täze düzgünler bir ýylyň dowamynda (2027-nji ýyla çenli) doly güýje girer.