26-njy ýanwarda Hindistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky erkin söwda ylalaşygy boýunça gepleşikler tamamlandy. Bu barada Hindistanyň söwda we senagat ministriniň orunbasary Rajeş Agrawal žurnalistlere habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, ylalaşyk barada sişenbe güni yglan ediler. Şol gün Hindistan-ÝB sammiti geçiriler.
-Ylalaşyk deňagramly, geljege gönükdirilen bolar we ÝB bilen has gowy ykdysady integrasiýa goşant goşar. Şertnama iki tarapyň arasyndaky söwdanyň we maýa goýumlarynyň ösmegine itergi berer – diýip, Agrawal belledi.
Ministriň orunbasarynyň aýtmagyna görä, ylalaşyga resmi gol çekmek dabarasy tekstiň hukuk barlagyndan soň bolar, bu bolsa 5-6 aýa çenli wagt alyp biler. Garaşylyşy ýaly, ol 2027-nji ýylda güýje girer.
Hindistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky bu söwda ylalaşygynyň, ABŞ-nyň Hindistana garşy girizen 50 göterimlik gümrük paçlarynyň täsirini azaltmagyna garaşylýar. Munuň netijesinde, taraplaryň özara söwdasy giňär we Hindistanyň dokma önümleri hem-de zergärçilik harytlary ýaly önümleriniň Ýewropa eksporty has-da artar. Resmi maglumatlara görä, ylalaşyk gümrük pajyny 110 göterimden 40 göterime çenli düşürmek bilen, Hindistanyň awtoulag bazaryny “Volkswagen”, “Mercedes-Benz” we BMW ýaly Ýewropa awto-öndürijileri üçin ep-esli ýol açar.
Hindistan bilen ÝB-niň arasynda erkin söwda ylalaşygyna gol çekmek baradaky gepleşikler 2007-nji ýylda başlandy, emma jedelli meseleler sebäpli olar birnäçe gezek bökdeldi we 2013-nji ýylda duruzyldy. 2022-nji ýylda dünýä söwdasyndaky düýpli üýtgeşmeleriň fonunda gepleşikler täzeden dikeldildi. 2024-nji ýylda Hindistan bilen ÝB-niň söwda dolanşygy 120 milliard ýewro ýetdi. Hindistanyň eksportynyň takmynan 17 göterimi ÝB-niň paýyna düşýär.