«Apple» kompaniýasynyň Hindistandaky önümçiligi artýar. «Bloomberg News»-iň bellemegine görä, geçen ýyl kompaniýa bu ýurtda 55 million «iPhone» smartfonyny öndüripdir. Bu görkeziji ozalky ýyldakydan 36 million ýa-da 53 göterim köp diýmegi aňladýar. Amerikan kompaniýasy bir ýylda 220-230 million aralygynda «iPhone» öndürýär. Şeýlelikde, smartfonlaryň 25 göteriminiň Hindistanda öndürilendigini görmek bolýar.
«Apple» ilkibaşda Hindistanda daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, diňe içerki önümçilige niýetlenen zawod açdy. Soňra bolsa, önümçiliginiň gerimini giňeldip, bu ýurtda öndürilen enjamlaryny daşary ýurtlara hem iberip başlady.
Ýurduň hökümet Başlygy Narendra Modiniň ýolbaşçylyk edýän hökümeti bu ýurtda önümçiligi ýola goýan halkara kompaniýalara uly mümkinçilik döretmegi netijesinde bu ýerde köpsanly zawod guruldy.
Ezizhan BEREKETOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









