Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatynyň orta hünärmentçilik bilim edarasynyň 18 ýaşly talyby Praweş Şarma süýt satyn almaga barýarka, tokaýda alajagaplaňa sataşdy we tutluşykda ony ýeňdi. Bu barada “Hindustan Times” gazeti habar berdi.
Ýaş ýigit ir sagat 7:00-da Sarli obasyndaky öýlerinden süýt almaga çykdy. Emma birnäçe metr geçip-geçmänka, oňa ýyrtyjy haýwan topuldy.
“Halas bolmak üçin aýgytly söweşde ol ýyrtyjynyň äňinden ýapyşdy. Soňra elýeterinde ýatan daşy alyp, alajagaplaňyň äňine we penjelerine urmaga başlady. Ahyrynda jandar öldi” diýlip, waka barada gürrüň berýän makalada ýazylýar. Tutluşygyň 10 minut dowam edendigi, Şarmanyň eginlerinde, el-aýaklarynda we ýüzünde köp sanly şikes alandygy aýdylýar. Talyby hassahana ýerleşdirdiler, ýaralaryny daňyp, öýlerine goýberdiler.
Ýaş ýigidiň ýanyna ýerli tokaý departamentiniň işgärleri baryp, onuň batyrlygyna ýokary baha bermek bilen, gyssagly kömek hökmünde 5 müň rupiýa pul sylagyny berdiler.