Malaýziýa 1-nji dekabrdan başlap, Hindistanyň we Hytaýyň raýatlaryna wizasyz girmäge rugsat berer. – Şeýle çäreler daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekmäge gönükdirilendir diýip – ýurduň Premýer-ministri Anwar Ybraýym aýtdy.
Hytaýyň we Hindistanyň raýatlary bu ýurtda 30 güne çenli wizasyz galyp bilerler.
Ýeri gelende belläp geçsek, Hytaý 1-nji dekabrdan Malaýziýanyň we Ýewropanyň bäş ýurdunyň – Ispaniýaniň, Italiýanyň, Niderlandlaryň, Fransiýanyň we Germaniýanyň raýatlary üçin wizasyz düzgün girizer. Şeýlelikde, adaty pasport bilen 15 güne çenli bu ýurtlara barmaga mümkinçilik dörediler.