ABŞ-nyň iri banklarynyň biri bolan “Goldman Sachs”-yň bilermenleri golaýda dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanyň ykdysadyýeti barada täze çaklamalary ýaýratdylar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýurt 2075-nji ýyla çenli ABŞ, Germaniýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlardan öňe geçip, dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly ikinji ýurduna öwrüler. 2030-njy ýylda bolsa, Hindistan dünýäde üçünji orna çykar. Ýurtda tehnologiýa babatda gazanylýan ösüşler, köp mukdardaky maýa goýumlary we işçi güýjüniň netijeli işlemegi ýurduň ösüşine goşant goşar. “Goldman Sachs”-yň Hindistan boýunça ykdysatçysy Santanu Sengupta ýurtda girdejiniň artmagy netijesinde has köp maýa goýumyň özleşdiriljekdigi mälim edildi. Häzirki wagtda ýurt ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa we Germaniýa döwletlerinden soňra ykdysady kuwwaty babatda dünýäniň bäşinji ýurdy hasaplanýar.
Golaýda ýurt ilat sany babatda Hytaýdan öňe geçip, dünýäde birinji orna çykypdy.