Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustyndaky 001 belgili Karary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, sebit ýurtlarynyň bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara giňişliginde ösdürmekde möhüm hyzmatlary üçin Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy.