«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň geçirilýän günlerinde Samarkant şäheri halkara klimat forumyny hem kabul edýär. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamynda möhüm wakalaryň biri bolan forumyň açylyş dabarasyna Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklary onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Samarkant Kongres merkezinde «Ählumumy klimat meseleleri we Merkezi Aziýa: umumy gülläp ösüşiň bähbidine tagallalar» mowzugynda guralýan forum howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy halkara bilermenleridir döwlet işgärlerini, halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem forumda çuň manyly çykyş etdi.
Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda biziň esasy wezipämiz hyzmatdaşlygyň esasy we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdyr. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz sebitiň ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigini howa gün tertibiniň meseleleri babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmak bolsa bu ugurda iň möhüm meseleleriň biridir. Şunda soňky ýyllarda Türkmenistanda bu babatda amala aşyrylan işler anyk mysallar arkaly beýan edildi. Ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň hem hyzmatdaşlygyň wajyp ugrudygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz ozal öňe sürlen tekliplere aýratyn ünsi çekdi.
Nygtalyşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary energetika, senagat, ulag, ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş üpjünçiligi bilen bagly beýleki möhüm ugurlarynda «ýaşyl»geçişi öz içine alýar. Şu babatda köptaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirip, ony sammitiň aýratyn iş ugry hökmünde görkezmek hem-de ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz çykyşynda biziň sebitimiz üçin suw meselesiniň derwaýys ähmiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň suw syýasaty bilen bagly üýtgewsiz garaýşyny ýene-de bir gezek ýatlatdy. Has takygy, bu meseleleri çözmekde üç esasy ýörelgeden ugur almaly: olar halkara hukugy berjaý etmek; özara bähbitleri hasaba almak; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagy. Döwlet Baştutanymyz sebitde ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer abadançylygyň esasy meseleleriniň biriniň Araly halas etmek bilen baglydygyny belläp, ýurdumyzyň bu babatda halkara derejede maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylmagyna garaşýandygyny tassyklady.