Şu gün 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu gymmatly eser hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna eden sowgadydyr.

Halkara gatnaşyklar institutynyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler, Halkara gatnaşyklar institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi ilçi Nurberdi Amanmyradow, Halkara gatnaşyklar institutynyň Dünýä diller kafedrasynyň mugallymy Gülälek Çopanowa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölüminiň ylmy işgäri Aýnabat Annalyýewa we talyp ýaşlar çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň kitabynda berilýän gymmatly maglumatlar barada gürrüň berdiler. Çykyş edenler gymmatly eserde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly, dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada degerli maglumatlaryň berilýändigini belläp geçdiler.

Ýokary hilli köp sanly suratlar bilen bezelen kitap üç dilde bolup, “Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy”, “Türkmen halky – döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi”, “Budur türkmen binasy”, “Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy”, “Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar”, “Türkmen topragy – bereket mekany”, “Türkmen halky – dörediji we gurujy halk”, “Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe – ösüşiň özeni!”, “Ýoluňyz ak bolsun!”, “Kalbyňyz we ojagyňyz nurly bolsun!”, “Ýaşyl ykdysadyýet – ýaşaýyş ýörelgesi”, “Bazary baryň baýlygy bar” hem-de “Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris we geljeklidiris” diýen mowzuklar bar.