Ýakymly ysly ösümlikleriň biri bolan reýhandan taýýarlanýan şerbet öz gözbaşyny XV asyrdan alyp gaýdýar. Osmanlylar döwründe meşhur içimlikleriň birine öwrülen reýhan şerbeti hoşboý ysy we saglyga peýdalydygy bilen tapawutlanýar. Reýhan şerbetiniň düzüminde C, A witaminleri, kalsiý we magniý ýaly mineral maddalar, az mukdarda süýüm, belok, uglewodlar we şeker bolýar. Esasan, ýaz we tomus pasyllarynda howanyň yssy günlerinde içilýän bu şerbet suwsuzlygy gandyrmak bilen bir hatarda, saglyga oňaýly täsir edýär.
Iýmit siňdiriş ulgamyna oňaýly täsir edýär. Reýhan otundan taýýarlanan şerbet iýmit siňdiriş ulgamyna oňaýly täsir edip, aşgazan keselleriniň öňüni almaga we bejermäge ýardam edýär. Çişmegiň we ýellenmegiň öňüni alýan bu içimlik mikroblara garşy göreşip, içegeleri zyýanly mikroorganizmlerden goraýar. Iýmit siňdiriş ulgamyndan ejir çekýän adamlara reýhan şerbetini içmek maslahat berilýär.
Immuniteti güýçlendirýär. Reýhan şerbetiniň düzüminde köp mukdarda C witamini saklanýar. C witamini bedende gyzyl gan öýjükleriniň öndürilişine goşant goşmak arkaly immuniteti güýçlendirýär. Şeýle hem erkin radikallara garşy göreşip, bedeni dürli ýokançlyklardan goraýar.
Deri üçin peýdaly. Reýhan şerbetindäki A witamini deri üçin peýdaly bolup, gyjynmalaryň we deridäki öýjükleriň (pigment) zeperlenmeginiň öňüni alýar. Bu içimlikdäki minerallar deriniň garramagynyň öňüni alyp, deride çyglylygyň kadaly derejede saklanmagyna ýardam edýär. Reýhan şerbetinde öýjükleriň sagdyn hem kadaly işlemegini üpjün edýän E witamini hem bar.
Nerw ulgamyny köşeşdirýär. Reýhan şerbeti rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, stresden we aladalardan dynmaga ýardam edýär. Bu içimlikdäki linalool we estragol ýaly efir ýaglary nerw ulgamyny köşeşdirip, rahatlyk duýgusyny güýçlendirýär.
Gandaky şekeri kadalaşdyrýar. Täze ýygnalan reýhandan taýýarlanan şerbet gandaky şekeriň derejesini kadaly ýagdaýda saklamaga ýardam edýär. Mundan başga-da, süýji keseliniň döremek howpuny azaldýar.
Reýhan şerbetini nädip taýýarlamaly?
Gyzgylt reňkli, hoşboý ysly bu ösümlikden öý şertlerinde aňsatlyk bilen şerbet taýýarlap bolýar. Munuň üçin bir bogdak reýhan, şeker, 1 litr suw, ýarym limon, bir taýajyk dalçyn gerek. Reýhanyň ter ýapraklaryny baldagyndan aýryp, mazaly ýuwmaly. Soňra 1 litr gaýnap duran suwa reýhanyň ýapraklaryny oklamaly we bulamaly. Tagamly bolmagy üçin bir taýajyk dalçyn goşup, gapagyny ýapyp, 20 minut töweregi goýmaly. Ýapraklar aşak çökenden soň, şerbeti süzgüçden geçirip, islege görä şeker goşmaly we limonyň şiresini sykmaly. Şekeri ereýänçä mazaly garyp, sowaýança garaşmaly. Taýýar bolan reýhan şerbetini biraz sowadyp içseň, has-da lezzetli bolýar.