Çilide geçen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ultra sagçylardan bolan dalaşgär Hose Antonio Kast 16 göterim aratapawut bilen ýeňiş gazandy. Çiliniň Saýlaw gullugy (SERVEL) býulletenleriň 99 göteriminiň sanalandygyny habar berdi.
Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär, hukukçy we berk çäreleriň tarapdary, 59 ýaşly Hose Antonio Kast sesleriň 58,1 göterimini aldy. Onuň bäsdeşi, «Çili üçin birlik» toparynyň wekili Žannet Žara sesleriň 41,8 göterimini gazandy.
Saýlawdan öňki kampaniýada Kast jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmegi, migrasiýa gözegçiligini güýçlendirmegi hem-de ykdysadyýetde erkin bazary ösdürmek arkaly döwletiň goşulyşmagyny kemeltmegi we durmuş ulgamynda däp bolup gelýän ýörelgeleri goldajakdygyny söz berdi.
11-nji martda Hose Antonio Kast dabaraly kasam kabul edip, Çiliniň döwlet Baştutanynyň wezipesine resmi girişdi.
PDF








