19-20-nji maý­da Täh­ran şä­he­rin­de Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-eý­ran to­pa­ry­nyň 18-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-ynsa­n­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm ädi­me öw­rül­di.
Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran köp asyr­lyk dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na eýe­dir. Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Se­bit hyz­mat­daş­ly­gy hem-de ser­het­ýa­ka söw­da­ny ös­dür­mek ug­run­da ta­gal­la edil­ýär. Mu­ňa ýa­ňy-ýa­kyn­da Eý­ra­nyň Gür­gen şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýur­du­my­zyň eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2028-nji ýy­la çen­li öza­ra söw­da­nyň möç­be­ri­ni 5 es­se art­dy­ryp, 3 mil­liard dol­la­ra ýe­tir­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ryn­da ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ugur­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men ga­zy­ny Eý­ra­na we onuň üs­ti bi­len üçün­ji döw­let­le­re iber­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ga­zy­nyň Eý­ra­nyň üs­ti bi­len Tür­ki­ýä ibe­ri­lip baş­lan­ma­gy türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­nyň sars­maz bin­ýa­dy­nyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.
Ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ýe­ne-de bir ug­ru­dyr. Bu ugur­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýa­kyn ýyl­lar­da öza­ra ýük gat­na­ma­la­ryň möç­be­ri­ni 20 mil­li­on ton­na ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­ny de­mir ýol, aw­to­mo­bil we ulag­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­läp geç­sek, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan we­la­ýa­ty bi­len Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Äht­na­ma­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin 14—16-njy maý ara­ly­gyn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan we­la­ýa­ty­na hä­kim­li­giň we­kil­le­ri iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy­lar.

Da­wut ATA­ÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.