ABŞ-nyň «Jo­by Avia­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän tak­si­le­riň hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Mu­nuň üçin kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan «Vir­gin At­lan­tic» bi­len hyz­mat­daş­lyk eden kom­pa­ni­ýa bu hyz­ma­ty Ang­li­ýa­da ýo­la go­ýar. Dik­li­gi­ne uçup hem go­nup bil­ýän ulag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan kom­pa­ni­ýa il­kin­ji sy­nag uçu­şy­ny gel­jek ýy­lyň ba­şyn­da Du­baýda ama­la aşy­rar. Şeý­le hem ABŞ-nyň Nýu-Ýork we Los-An­je­les şä­her­le­rin­de tä­jir­çi­lik mak­sat­ly uçuş­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.
2021-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Jo­by Avia­ti­on» Ang­li­ýa­da il­ki ho­wa men­zil­le­rin­de hyz­mat eder. Ki­çi göw­rüm­li tak­si­ler Man­çes­ter ho­wa men­zi­lin­den Lids şä­he­ri ara­ly­gyn­da ýo­lag­çy gat­na­dar. Uçu­şyň do­wam­ly­ly­gy 15 mi­nut bo­lar. Şeý­le hem Lon­do­nyň Hit­rou ho­wa men­zi­li bi­len şä­he­riň gün­do­ga­ryn­da­ky Ka­ne­ri Warf et­ra­by ara­ly­gyn­da 8 mi­nut­lyk gat­naw ýo­la goý­lar.

Umyt KA­KA­BA­ÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.