Şanhaýyň Szýaotun uniwersitetiniň alymlary howadan agyz suwuny almagy öwrendiler. Bu barada “China Daily” gazeti habar berdi. Bu tehnologiýanyň dürli howa şertlerinde, şol sanda pes çyglylykda hem netijelidigi habar berilýär.
Bu tehnologiýa howany sormaga we kondensasiýa usullaryna esaslanýar. Oýlap tapyşyň başga bir bölegi ýylylyk nasosynyň ulanylmagydyr. Alymlar öz oýlap tapyşlarynyň dünýäniň dürli künjeklerinde suw ýetmezçiligini çözmäge kömek etjekdigini aýdýarlar.
Gazet şeýle hem, ösüşiň bir bölegi hökmünde Gün energiýasyny ulanyp, awtonom işleýän ýörite stansiýanyň gurulandygyny habar berdi. Stansiýa her gün 50 litre çenli agyz suwuny öndürip bilýär we howanyň üýtgemelerine gowy uýgunlaşýar – ol howanyň çyglylygynyň 35-99 göterime çenli derejesinde hem-de 15-40 gradus howa temperaturasy şertlerinde hem netijeli bolup bilýär.