Üns be­ren bol­sa­ňyz ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de ser­gin­le­di­ji­le­riň daş­ky bö­le­gin­den az muk­dar­da suw dam­ja­jyk­la­ry dam­ýar. Suw dam­ja­sy uly aw­to­bus­la­ryň ýa-da ot­lu­la­ryň ser­gin­le­di­ji ul­ga­myn­da hem peý­da bol­ýar. Bu ýag­daý ser­gin­le­di­ji­niň içer­dä­ki çyg­ly­ly­gy da­şa­ryk çy­kar­ma­gy bi­len bag­ly bo­lup, ada­ty ýag­daý­dyr. Ýag­ny ser­gin­le­di­ji ja­ýyň ýa-da ula­gyň için­dä­ki ho­wa­da­ky bu­gy da­şa­ryk çy­ka­ran­da so­wuk ýer­den ge­çen bug su­wa öw­rül­ýär. Em­ma bu suw örän az muk­dar­da bol­ýar. Bi­ler­men­ler bol­sa, ho­wa­dan has köp suw alyp, suw ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak­da peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. ABŞ-nyň Ýu­ta uni­wer­si­te­ti­niň in­že­ner­le­ri ho­wa­da­ky suw mo­le­ku­la­la­ry­ny top­lap, içim­lik suw ön­dür­ýän en­jam oý­lap tap­dy­lar.
Yl­my-bar­lag to­pa­ry­nyň ag­za­sy Sa­mir Rao ön­dü­ren en­ja­myn­da ula­ny­lan me­tal-or­ga­ni­ki ma­te­ria­lyň su­wy ýo­ka­ry de­re­je­de özü­ne siň­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Bu usul ar­ka­ly has köp suw ýyg­nap bol­ýan­dy­gy bellenilýär. En­jam bu­gy gö­ze­nek­ler ar­ka­ly tu­tan­dan soň­ra suw mo­le­ku­la­la­ry gyz­dy­ry­lyp, su­wuk ýag­da­ýa ge­ti­ril­ýär.

So­na­gül AN­NA­ÝE­WA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Ýeňiş» kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.