Ho­wa­nyň so­wap baş­la­ma­gy bi­len köp ýer­ler­de öý­le­ri ýy­ly sak­la­mak üçin elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­lar­dan peý­da­la­ny­lan­da il­kin­ji no­bat­da jaý­la­ryň elekt­rik ul­ga­my­nyň gur­na­ly­şy­nyň ta­la­ba­la­ýyk bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly. Elekt­rik tok ge­çi­ri­ji­le­riň daş­ky ör­tük­le­ri­niň to­ga gar­şy du­ruş de­re­je­si­ni bar­lat­ma­ly. Daş­ky ör­tü­gi za­ýa­la­nan, ula­nyş möh­let­le­ri ge­çen, kö­ne elekt­rik tok ge­çi­ri­ji­le­ri­ni ça­lyş­ma­ly. Öý­le­riň elekt­rik to­gun­da aw­to­ma­ti­ki gör­nüş­de tok gel­me­gi­ni kes­ýän go­raý­jy­ny ta­la­ba­la­ýyk gur­nap, onuň iş ka­da­sy­na he­mi­şe gö­zeg­çi­lik et­me­li. Elekt­rik ul­ga­my­na bir wag­tyň özün­de çen­de­na­şa köp tok sarp edi­ji en­jam­la­ryň bi­rik­di­ril­me­gi­ne ýol ber­me­li däl, çün­ki elekt­rik ul­ga­my­na ag­ram düş­me­gi bi­len dür­li ha­dy­sa­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy äh­ti­mal­dyr. Elekt­rik tok ge­çi­ri­ji­ler bi­ri-bi­ri bi­len bi­rik­di­ri­len­de ýö­ri­te gys­gyç­lar, keb­şir­le­mek usu­ly ar­ka­ly bi­rik­di­ril­se ta­la­ba­la­ýyk bo­lar. Ýö­ne­keý el bi­len tow­lan­ma usu­ly ar­ka­ly bi­rik­di­ril­me­gi gow­şak bo­lup, ol ýer­ler­de to­guň gar­şy­lyk­ly geç­me­gi eme­le ge­lip, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň sü­tün­le­ri­niň gyz­ma­gy­na ýa-da daş­ky ör­tük­le­ri­niň gu­rap za­ýa­lan­ma­gy­na ge­ti­rer.
Elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­la­ry ýa­ny­jy goş­la­ryň go­la­ýyn­da goý­mak ga­da­gan edil­ýär. En­jam­la­ry köp wag­tyň do­wa­myn­da iş­let­mek ýa-da iş­läp du­ran wag­ty ony gö­zeg­çi­lik­siz gal­dyr­mak ta­la­ba­la­ýyk däl­dir. Ola­ryň aşa­gyn­da ýe­ňil ýa­ny­jy­la­ryň hem bol­ma­gy örän howp­lu­dyr. Gyz­dy­ry­jy­la­ryň aşa­gyn­da oda dur­nuk­ly gat­lak­lar go­ýul­sa howp­suz­ly­gy üp­jün eder. Elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­la­ryň üs­tün­de ýuw­lan egin-eşik­le­ri, beý­le­ki goş­la­ry gu­rat­mak­ ta­la­ba­la­ýyk däl­dir. Öý­den, iş ýer­ler­den çy­kyp git­mez­den öň, elekt­rik aky­my bi­len iş­le­ýän en­jam­la­ryň öçü­ri­len­di­gi­ni bar­la­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän en­jam­lar gur­na­lan­da, ula­ny­lan­da ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý edil­se bo­lup bi­läý­jek dür­li ha­dy­sa­la­ryň öňi al­nar. Çün­ki, ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek, howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len anyk çä­re­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­den yba­rat­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň her bir ýa­şaý­jy­sy ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mä­ge borç­lu­dyr. Ja­ny­my­za, sag­ly­gy­my­za, jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ne mad­dy zy­ýan ýe­tir­ýän gö­zeg­çi­lik­siz ot­dan se­re­sap bo­la­lyň.

Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri-uly gözegçisi,
içerki gullugyň maýory.